Ýohanna 8
8
8‑nji bap
Zynada tutulan aýal
1 Isa bolsa Zeýtun dagyna gitdi. 2Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady. 3Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar. 4Onsoň olar Isa ýüzlenip: «Mugallym, bu aýal zynada tutuldy. 5Musa Töwratda bular ýalylary daşlap öldürmegi buýrupdyr. Sen muňa näme diýersiň?» diýip soradylar. 6Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady. 7Ondan soramagy dowam etdirenlerinde, Isa dikelip: «Siziň araňyzda kimiň günäsi ýok bolsa, bu aýala daşy ilki şol atsyn» diýdi. 8Ol ýene-de aşak oturyp, ýere bir zatlar ýazmaga durdy. 9Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy. 10Isa dikelende, aýaldan başga hiç kime gözi düşmänsoň, oňa: «Eý, naçar, beýlekiler hany? Hiç kim seni höküm etmedimi?» diýip sorady. 11Aýal: «Ýok, Agam» diýdi. Isa: «Men hem seni höküm edemok. Bar, gidiber, mundan beýläk günä iş etme» diýdi.
Hakyky şaýatlyk
12 Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi. 13Fariseýler Oňa: «Sen Öz-Özüňe şaýatlyk edýärsiň, Seniň şaýatlygyň hakyky däl» diýdiler. 14Isa olara: «Men Öz-Özüme şaýatlyk edýän hem bolsam, Meniň şaýatlygym hakdyr. Sebäbi Men nireden gelip, nirä barýanymy bilýärin, ýöne Meniň nireden gelenimi ýa nirä barýanymy siz bilmeýärsiňiz. 15Siz ynsan ölçegi bilen höküm çykarýarsyňyz, Men hiç kimiň üstünden höküm çykarmaýaryn. 16Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. 17#Kan 19:15.Töwratda iki adamyň şaýatlygy hak diýlip ýazylgydyr. 18Men Özüm hakda şaýatlyk edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda şaýatlyk edýär» diýip jogap berdi. 19Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi. 20Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy. 21Isa olara ýene: «Men gidip barýaryn; siz Meni gözlärsiňiz we günäňiziň içinde ölersiňiz. Siz Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz» diýdi. 22Ýahudylaryň baştutanlary: «Ol Özüni öldürjekmikä? Ol şonuň üçin Meniň barýan ýerime baryp bilmersiňiz diýýärmikä?» diýişdiler. 23Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin. 24Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi. 25Ondan: «Sen kimsiň?» diýip soradylar. Isa olara: «Ozal-başdan size kim diýip aýdan bolsam, Şolduryn. 26Sizi aýyplap aýtjak zatlarym köp. Meni Iberen hakdyr, Men Ondan eşidenlerimi dünýä äşgär edýärin» diýip jogap berdi. 27Olar Isanyň Öz Atasy barada aýdýandygyna düşünmediler. 28Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz. 29Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi. 30Bulary aýdanda, ençeme adamlar Oňa iman etdiler.
Ybraýymyň nesilleri
31Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; 32Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» diýdi. 33Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler. 34Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr. 35Gul hiç haçan öýüň agzasy bolup bilmez, ýöne Ogul öýüň hemişelik agzasydyr. 36Şonuň üçin hem Ogul sizi azat etse, siz, hakykatdan hem, azat bolarsyňyz. 37Siziň Ybraýymyň nesilleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meniň kastyma çykdyňyz, sebäbi siz Meniň sözüme öz kalbyňyzdan orun bereňzok. 38Men size Atamyň ýanynda görenlerimi aýdýaryn, siz hem öz ataňyzdan görenleriňizi edýärsiňiz». 39Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz. 40Emma siz Meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdýan Ynsany öldürmekçi bolýarsyňyz. Ybraýym beýle iş etmändi. 41Siz Ybraýymyň däl-de, öz ataňyzyň işlerini edýärsiňiz» diýdi. Olar Oňa: «Biz zynadan doglan däl, biziň ýeke-täk bir Atamyz bar, Ol Hudaýyň Özüdir» diýdiler. 42Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi. 43Näme üçin Meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz? Sebäbi siz Meniň aýdýanlarymy diňlemegi başarmaýarsyňyz. 44Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr. 45Emma Men hakykaty aýdýandyryn. Şonuň üçinem siz Maňa iman etmeýärsiňiz. 46Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz? 47Kim Hudaýa degişli bolsa, Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz diňlemeýärsiňiz, sebäbi siz Hudaýa degişli dälsiňiz».
Isanyň şöhraty
48 Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler. 49Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz. 50Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, Men şöhratlandyrýan Biri bar. Kazylyk Edýän-de Oldur. 51Men size dogrusyny aýdýaryn, Meniň sözüme uýýan adam asla ölüm garasyny görmez» diýdi. 52Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň. 53Eýsem, Sen atamyz Ybraýymdan hem beýikmi? Ol-da, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» diýdiler. 54Isa olara şeýle jogap berdi: «Men Özümi şöhratlandyrsam, onda bu şöhrat puç bolar. Meni şöhratlandyrýan Öz Atamdyr; siz Oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. 55Ýöne siz Ony tanamaýarsyňyz, Men Ony tanaýaryn. Eger Ony tanamaýaryn diýsem, onda Men hem siziň ýaly ýalançy bolaryn. Emma Men Ony tanaýaryn we Onuň sözüni ýerine ýetirýärin. 56Ataňyz Ybraýym Meniň geljek günüme garaşyp, şatlanýardy. Ol şol güni görüp, juda begendi». 57Ýahudylar Ondan: «Heniz elli ýaşa-da barmadyk halyňa Sen Ybraýymy gördüňmi?» diýip soradylar. 58#Msr 3:14-15.Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi. 59Şonda Isany daşlamakçy boldular, emma Ol gizlenip, ybadathanadan çykyp gitdi.
Currently Selected:
Ýohanna 8: TukLat16
Qaqambisa
Share
Copy
Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016