Ýohanna 7
7
7‑nji bap
Isa Iýerusalime gidýär
1Şondan soň Isa Jelilede aýlanmaga başlady. Ýahudylaryň baştutanlary Onuň kastyna çykansoňlar, Ol Ýahudyýada gezmek islemeýärdi. 2Ýahudylaryň Çatma baýramy golaýlapdy. 3Şonuň üçin Isanyň inileri Oňa: «Bu ýerden çykyp, Ýahudyýa git, edýän işleriňi şägirtleriň görsün. 4Özüni açyk tanatmak isleýän adam gizlin iş edýän däldir. Sen bu zatlary edýän bolsaň, Özüňi dünýä görkez» diýdiler, 5sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar. 6Isa olara: «Meniň wagtym entek dolanok, ýöne siziň üçin islendik wagt pursatdyr. 7Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin. 8Siz baýrama gidiň, Men bu baýrama gitjek däl. Sebäbi Meniň wagtym entek dolanok» diýip jogap berdi. 9Olara şeýle diýip, Ol Jelilede galdy. 10Emma inileri baýrama gidenlerinden soň, Isa-da gitdi, ýöne aç-açan däl-de, gizlin gitdi.
11 Ýahudylaryň baştutanlary baýramçylykda Ony idäp: «Ol nirede?» diýip soraýardylar. 12Mähelläniň arasynda Ol hakda köp gürrüň edildi. Käbirleri «Ol gowy adam» diýse, başgalary «Ol halky azdyrýar» diýýärdiler. 13Ýöne ýahudy ýolbaşçylaryndan gorkup, hiç kim Ol hakda açyk gürrüň edip bilmeýärdi.
14Baýramçylygyň ýarysy geçende, Isa ybadathana baryp, öwretmäge başlady. 15Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler. 16Isa olara şeýle jogap berdi: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňkidir. 17Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer. 18Kim özünden sözleýän bolsa, özüne şöhrat gözleýändir. Kim özüni iberene şöhrat gözleýän bolsa, hakykaty sözleýändir, onuň sözlerinde ýalan ýokdur. 19Musa size Mukaddes Kanuny bermedimi näme? Ýöne siziň hiç biriňiz bu Kanuny berjaý etmeýärsiňiz. Näme üçin Meni öldürjek bolýarsyňyz?» 20Mähelle Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. 21Isa olara: «Men bir gudrat görkezdim, oňa hemmäňiz haýran galýarsyňyz. 22#Lew 12:3.Özüňiz bolsa, Musanyň kanunyny berjaý edýäris diýip hem, Sabat güni çagalary sünnet edýärsiňiz. Aslynda sünnet Musadan däl-de, ata-babalardan galandyr. 23Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz? 24Daşky görnüşe görä höküm çykarmaň, hökümiňiz adalatly bolsun» diýdi.
Isa Mesihmidir?
25Bu ýerde iýerusalimlileriň käbirleri: «Olaryň öldürjek bolýan Adamy şu dälmi? 26Ine, Ol arkaýyn gürrüň berip dur, Oňa garşy hiç kim hiç zat diýmeýär. Biziň ýolbaşçylarymyz Onuň Mesihdigini, hakykatdanam, bilýän bolaýmasynlar?! 27Ýöne biz bu Adamyň niredendigini bilýäris. Mesih gelende bolsa Onuň niredendigini hiç kim bilmez» diýişdiler. 28Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. 29Men Ony tanaýaryn, sebäbi Men Ondan gelendirin. Meni iberen Oldur». 30Şondan soň Ony tutjak boldular, ýöne hiç kim Oňa el galdyrmady, sebäbi entek Onuň wagty dolmandy. 31Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy. 32Fariseýler halkyň Isa hakyndaky bu pyşyrdylaryny eşitdiler. Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Ony tutmak üçin garawullary iberdiler. 33Isa: «Men ýene az salym siziň ýanyňyzda bolup, soňra Özümi Ibereniň ýanyna giderin. 34Siz Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz. Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýdi. 35Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä? 36Munuň „Meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, Meniň barjak ýerime siz baryp bilmersiňiz“ diýýäni nämekä?» diýişdiler. 37Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar. 38Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy. 39Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy. 40Mähelläniň içinden käbirleri bu sözi eşidip: «Bu hakykatdan hem şol geljek pygamberdir» diýdiler. 41Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi? 42Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler. 43Şeýlelikde, mähelläniň arasynda Isa barada agzalalyk döredi. 44Olardan käbiri Ony tutmak isledi, ýöne hiç kim Oňa el degirmedi.
Ýahudylaryň baştutanlary Isa ynanmaýarlar
45Ahyrsoňy ybadathana garawullary gaýdyp geldiler we ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler olardan: «Näme üçin Ony getirmediňiz?» diýip soradylar. 46Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler. 47Fariseýler olara: «Siz hem aldandyňyzmy? 48Ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden, heý, Oňa iman eden barmy? 49Ýokdur! Emma Töwrady bilmeýän bu nadan halk nälet astyndadyr!» diýdiler. 50Şonda fariseýleriň arasyndan biri, ozal Isanyň ýanyna baran Nikodim olara: 51#Kan 17:6; Msr 23:1.«Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi. 52Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.
53Soňra hemmesi öýli-öýüne gaýtdy.
Currently Selected:
Ýohanna 7: TukLat16
Qaqambisa
Share
Copy
Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016