Ýohanna 5

5
5‑nji bap
Isa howzuň başynda bir hassany sagaldýar
1Biraz wagtdan ýahudylaryň bir baýramy boldy we Isa muny bellemek üçin Iýerusalime gitdi. 2Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy. 3Bu eýwanlarda gaty köp hassalar, körler, agsaklar, ysmazlar ýatyrdylar#5:3 Ysmazlar ýatyrdylar – käbir golýazmalarda ysmazlar suwuň çaýkanmagyna garaşyp ýatyrdylar. 4 Wagtal-wagtal Rebbiň bir perişdesi şol howza girip, suwy çaýkaýardy. Suw çaýkanan badyna ilkinji bolup suwa giren öz keselinden saplanýardy diýen sözlemler hem bar.. 5Şol ýerde otuz sekiz ýyl bäri dert çekip ýatan bir hassa bardy. 6Isa ýatan hassany görüp, onuň ençeme ýyldan bäri bu derdi çekýändigini bildi. Şonuň üçin ondan: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýip sorady. 7Hassa: «Eý, Aga, suw çaýkanan wagty meni howza saljak hiç kimim ýok. Men barýançam, başga biri menden öň howza giräýýär» diýip jogap berdi. 8Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. 9Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi. 10Munuň üçin ýahudylaryň baştutanlary sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek gadagan» diýdiler. 11Emma sagalan adam olara: «Meni sagaldan Adam maňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýdi» diýip jogap berdi. 12Ondan: «Saňa: „Düşegiňi al-da, ýöre“ diýen Adam kim?» diýip soradylar. 13Ýöne sagalan adam Onuň kimdigini bilmeýärdi, sebäbi Isa şol ýerdäki mähelläniň arasyna girip gidipdi. 14Soňra Isa ybadathanada ol adama gabat gelip: «Ine, sagaldyň, mundan beýläk günä etme, ýogsam başyňa mundan beter günler geler» diýdi. 15Şeýlelikde, ýaňky adam baryp, özüni sagaldanyň Isadygyny ýahudylaryň baştutanlaryna aýtdy.
Ýaşaýyş berýän Ogul
16Bu işi Sabat güni edendigi üçin ýahudylaryň baştutanlary Isany yzarlamaga başladylar. 17Emma Isa olara: «Meniň Atam şu güne çenli Öz işini edip gelýär, Men hem Öz işimi edýärin» diýip jogap berdi. 18Şu sebäpden ýahudylaryň baştutanlary öňküden-de beter gazaplanyp, Ony öldürmegiň kül-külüne düşdüler. Sebäbi Ol diňe Sabat gününi bozmak bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýa Atam diýip, Özüni Hudaýa deňeýärdi. 19Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir. 20Çünki Ata Ogly söýýär, ähli edýän zatlaryny Oňa görkezýär. Hawa, Ol Ogla mundan hem beýik işleri görkezer, şonda hemmäňiz muňa haýran galarsyňyz. 21Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder. 22Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr. 23Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir. 24Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir. 25Men size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň-de eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar. 26Çünki Atanyň ýaşaýyş berip bilşi ýaly, Ol Ogla-da ýaşaýyş bermek ygtyýaryny berdi. 27Onuň Ynsan Ogludygy sebäpli, Oňa kazylyk etmek ygtyýaryny-da berdi. 28Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler. 29Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.
Isa hakdaky şaýatlyklar
30Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin. 31Eger Men Özüm hakda şaýatlyk etsem, onda bu şaýatlygym hakyky bolmaz. 32Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin. 33Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol hem hakykata şaýatlyk etdi. 34Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn. 35Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz. 36Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär. 37Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. 38Kalbyňyzda Onuň sözleri ýok, sebäbi siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. 39Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler. 40Emma siz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz. 41Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn. 42Emma Men sizi tanaýaryn, siziň kalbyňyzda Hudaýyň söýgüsi ýok. 43Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz. 44Siz biri-biriňizden öwgüler kabul edýärsiňiz, emma ýeke-täk Hudaýyň öwgüsini gazanmaga çalyşmaýarsyňyz. Onsoň nädip sizde iman bolsun? 45Atanyň öňünde Men sizi aýyplaryn öýtmäň. Sizi öz umyt baglaýan Musaňyz aýyplaýandyr. 46Siz Musa ynansadyňyz, onda Maňa-da ynanardyňyz, sebäbi ol Men hakda ýazdy. 47Onuň ýazanlaryna ynanmaýan bolsaňyz, onda Meniň aýdýanlaryma nähili ynanjaksyňyz?»

Currently Selected:

Ýohanna 5: TukLat16

Qaqambisa

Share

Copy

None

Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena