Ýohanna 10

10
10-njy bap
Gowy çopan
1 Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr. 2Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr. 3Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. 4Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler. 5Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». 6Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler. 7Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin. 8Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar. 9Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar. 10Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim. 11Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. 12Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr. 13Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez. 14-15Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin. 16Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. 17Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär. 18Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym». 19Bu sözler sebäpli, ýahudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk döredi. 20Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi. 21Başgalar bolsa: «Bular jyn uran adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
Ýahudylaryň baştutanlary iman etmeýärler
22Şol wagt gyş paslydy, Iýerusalimde Nur baýramy bellenilýärdi. 23Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi. 24Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler. 25Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär. 26Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, sebäbi size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl. 27Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. 28Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. 29Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. 30Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi. 31Ýahudylaryň baştutanlary Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. 32Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler. 34#Zeb 81:6.Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi? 35Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa, 36onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi. 37Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň. 38Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz». 39Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy. 40Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy. 41Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler. 42Şeýlelikde, ol ýerde köp adamlar Isa iman etdiler.

Currently Selected:

Ýohanna 10: TukLat16

Qaqambisa

Share

Copy

None

Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena