Ýohanna 1

1
1‑nji bap
Söz
1Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi. 2Owal-başda Ol Hudaý bilendi. 3Tutuş barlyk Söz arkaly ýaradyldy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. 4Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy. 5Nur tümlükde parlaýandyr, tümlük bolsa Ony ýeňip bilmedi.
6Hudaý tarapyndan Ýahýa atly bir adam iberildi. 7Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi. 8Ýahýanyň özi Nur däldi, ol diňe Nur barada şaýatlyk etmäge geldi. 9Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi. 10Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. 11Ol Özüniňkilere geldi, emma olar Ony kabul etmedi. 12Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi. 13Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.
14Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük. 15Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy. 16Biziň hemmämiz Onuň çäksiz merhemeti arkaly ýalkanyş üstüne ýalkanyş aldyk. 17Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih#1:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar, heniz hem ulanýarlar. Sözlüge seret. arkaly peýda boldy. 18Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly#1:18 Ogul – Köne Ähtde patyşalar «Hudaýyň ogly» diýip atlandyrylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlükde «Hudaýyň Ogly» sözüne seret.#1:18 Atasynyň gujagyndaky Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly – käbir golýazmalarda Atasynyň gujagyndaky ýeke-täk Ogly. tanatdy.
Ýahýa çümdürijiniň şaýatlygy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Luka 3:1-18)
19Ine, ýahudylaryň baştutanlary Iýerusalimden ruhanylary we lewileri Ýahýanyň ýanyna iberdiler. Olar Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soradylar. Ýahýa sözüni inkär etmedi, 20ol şaýatlyk edip: «Men Mesih däl» diýip, çürt-kesik ykrar etdi. 21Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi. 22Ahyry olar: «Onda sen kim? Biz özümizi ýollanlara näme jogap bereli? Sen özüň hakda näme aýdyp biljek?» diýip soradylar. 23#Işa 40:3.Ýahýa Işaýa pygamberiň sözleri bilen jogap berip: «Ine, „Rebbiň ýoluny düzläň“ diýip, çölde gygyrýan ses mendirin» diýdi. 24-25Onsoň onuň ýanyna iberilen käbir fariseýler: «Sen Mesihem, Ylýasam, garaşylýan pygamberem däl bolsaň, onda näme üçin adamlary suwa çümdürýärsiň?» diýip soradylar. 26Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. 27Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi. 28Bu wakalaryň hemmesi Iordan derýasynyň gündogaryndaky Beýtaniýada, Ýahýanyň suwa çümdürýän ýerinde bolup geçdi.
29Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy! 30Size: „Menden soňra Biri geler, Ol menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy“ diýip aýdan Kişim Şudur. 31Başda men hem Onuň kimdigini tanamaýardym. Emma men Ony ysraýyl halkyna tanatmak üçin, adamlary suwa çümdürmäge geldim».
32Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm. 33Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi. 34Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».
Isanyň ilkinji şägirtleri
35Ertesi gün Ýahýa ýanynda iki sany şägirdi bilen ýene şol ýerdedi. 36Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. 37Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. 38Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir). 39Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar. 40Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy. 41Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). 42Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas#1:42 Kepas – bu arameý sözi bolup, grek dilinde Petrus görnüşde ulanylýar, bularyň ikisi hem gaýa diýmegi aňladýar. diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär). 43Ertesi gün Isa Jelilä gitmegi ýüregine düwdi. Ol Filipi tapyp: «Meniň yzyma düş!» diýdi. 44Andrys bilen Petrus ýaly, Filip hem Betsaýda şäherindendi. 45Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi. 46Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi. 47Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi. 48Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi. 49Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi. 50Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin iman edýärsiňmi? Sen mundan-da beýik işleri görersiň» diýdi. 51Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.

Currently Selected:

Ýohanna 1: TukLat16

Qaqambisa

Share

Copy

None

Ufuna ukuba iimbalasane zakho zigcinwe kuzo zonke izixhobo zakho? Bhalisela okanye ngena