Gelip çykyş 2
2
2‑nji bap
1Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we ondaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy. 2Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, şol gün dynç aldy. 3Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde ýalkady, sebäbi Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy.
Adam ata bilen How ene Erem bagynda
4Hudaýymyz Reb gögi we ýeri ýaradanda bolup geçen wakalar şulardyr:
Hudaýymyz Reb ýeri we gögi ýaradanda, 5-6ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy. 7Hudaýymyz Reb toprakdan adam#2:7 Adam – ýewreýçe toprak we adam sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.
8Hudaýymyz Reb gündogarda ýerleşen Eremde#2:8 Erem – bu söz hezillik diýmegi aňladýar. bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi. 9Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.
10Erem bagyny suwarýan derýa Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. 11-12Birinji derýanyň ady Pişondyr; ol derýa altyna baý bolan bütin Hawyla ýurdunyň içinden akyp geçýär. Ol ýerde sap altyn, bdolah hem-de hakyk diýen gymmatbaha daşlar bar. 13Ikinji derýanyň ady Gihondyr. Ol tutuş Kuş ýurdunyň içinden akyp geçýär. 14Üçünji derýanyň ady Tigrdir. Ol Aşuryň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji bolsa Ýewfrat derýasydyr.
15Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Hudaýymyz Reb adamy ol bagda ýerleşdirdi. 16Hudaýymyz Reb adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».
18Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.
19Hudaýymyz Reb ähli haýwanlary, guşlary toprakdan döretdi we adamyň olary atlandyryşyny görmek üçin, olary onuň ýanyna getirdi. Adam ähli janly-jandarlara näme at beren bolsa, şol-da olaryň ady boldy. 20Şunlukda, adam ähli mallara, guşlara, ähli haýwanlara at berdi. Ýöne adamyň özüne laýyk kömekçi tapylmady.
21Hudaýymyz Reb adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22Hudaýymyz Reb adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimden, teni öz tenimdendir; ol aýal bolar, çünki ol erkekden#2:23 Ýewreýçe aýal we erkek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. alnandyr» diýdi. 24Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar.
25Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler.
Nke Ahọpụtara Ugbu A:
Gelip çykyş 2: TukLat16
Mee ka ọ bụrụ isi
Kesaa
Mapịa
Ịchọrọ ka echekwaara gị ihe ndị gasị ị mere ka ha pụta ìhè ná ngwaọrụ gị niile? Debanye aha gị ma ọ bụ mee mbanye
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016