Gelip çykyş 3
3
3‑nji bap
Adam ata bilen How ene Rebbiň tabşyrygyny bozýarlar
1Hudaýymyz Reb tarapyndan ýaradylan haýwanlarynyň arasynda iň mekiri ýylandy. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3Ýöne Hudaý: „Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz“ diýdi». 4Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär». 6Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi. 7Olaryň gözleri açyldy we özleriniň ýalaňaçdyklaryny bildiler. Olar injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler.
8Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Hudaýymyz Rebbiň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler. 9Hudaýymyz Reb adamy çagyryp: «Sen nirede?» diýdi. 10Adam: «Men bagda, Seniň sesiňi eşidip, gorkup gizlendim, çünki men ýalaňaçdym» diýdi. 11Beýik Hudaý ondan: «Ýalaňaçdygyňy saňa kim aýtdy? Iýme diýip gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiňmi?» diýip sorady. 12Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi. 13Hudaýymyz Reb aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.
14Hudaýymyz Reb ýylana:
«Şeýle edeniň üçin,
ähli mallaryň we haýwanlaryň
iň nälet siňeni sen bolarsyň.
Garnyňyň üstünde süýrenip gezersiň sen,
ömürboýy toprakdan iýmitlenersiň sen.
15Seniň bilen aýalyň,
seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna,
duşmançylyk salaryn Men.
Ol seniň kelläňi owradar,
sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
16Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi:
«Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn,
agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen,
sen äriňe meýilli bolarsyň#3:16 Sen äriňe meýilli bolarsyň – ýa-da Äriňiň üstünden höküm süresiň geler.,
emma ol höküm sürer seniň üstüňden».
17Adama bolsa Beýik Hudaý şeýle diýdi:
«Sen aýalyňyň gepine gitdiň,
„Iýme“ diýip, gadagan eden agajymyň miwesinden iýdiň.
Seniň eden işiň sebäpli, Men topragy näletländirin.
Sen toprakdan ömürboýy muşakgatlyk bilen iýmitlenersiň.
18Toprak saňa akbaş-ýandak öndürip berer.
Sen meýdan otlaryny iýersiň.
19Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň,
nany maňlaý deriňi döküp iýersiň.
Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
20Adam aýalyna How#3:20 How – bu söz ýaşaýyş diýmegi aňladýar. diýip at dakdy, sebäbi How ähli ýaşaýanlaryň enesi boldy. 21Hudaýymyz Reb adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.
22Hudaýymyz Reb: «Ine, adam ýagşyny-ýamany saýgaryp, Biziň Birimiz kimin boldy. Olar indi ýaşaýyş daragtyna el uzadyp, onuň miwesindenem iýip, ebedi ýaşaýmasynlar» diýdi. 23Şoňa görä öz alnan topragyny işläp bejereri ýaly, Hudaýymyz Reb adamy Erem bagyndan çykardy. 24Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar#3:24 Kerup – perişdeleriň bir görnüşi. Sözlüge seret. hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.
Nke Ahọpụtara Ugbu A:
Gelip çykyş 3: TukLat16
Mee ka ọ bụrụ isi
Kesaa
Mapịa
Ịchọrọ ka echekwaara gị ihe ndị gasị ị mere ka ha pụta ìhè ná ngwaọrụ gị niile? Debanye aha gị ma ọ bụ mee mbanye
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016