1
Matta 26:41
Mukaddes Kitap
Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
Compare
Explore Matta 26:41
2
Matta 26:38
Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.
Explore Matta 26:38
3
Matta 26:39
Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
Explore Matta 26:39
4
Matta 26:28
Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.
Explore Matta 26:28
5
Matta 26:26
Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
Explore Matta 26:26
6
Matta 26:27
Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň.
Explore Matta 26:27
7
Matta 26:40
Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi?
Explore Matta 26:40
8
Matta 26:29
Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.
Explore Matta 26:29
9
Matta 26:75
Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.
Explore Matta 26:75
10
Matta 26:46
Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Explore Matta 26:46
11
Matta 26:52
Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler.
Explore Matta 26:52
Home
Bible
Plans
Videos