Matta 26
26
26-njy bap
Isany öldürmek barada dildüwşük
(Mark 14:1,2; Luka 22:1,2; Ýohanna 11:45-53)
1 Isa ähli sözüni tamamlap, şägirtlerine: 2«Bilşiňiz ýaly, ýene iki günden Pesah baýramydyr. Onsoň Ynsan Ogly haça çüýlenmäge tabşyrylar» diýdi. 3Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp, 4Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler. 5Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.
Bir aýal ýagy Isanyň başyna guýýar
(Mark 14:3-9; Ýohanna 12:1-8)
6 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, 7bir aýal çüýşede gymmatbaha atyr ýagyny alyp, Onuň ýanyna geldi we ony Isanyň başyna guýdy. 8Şägirtler muny görenlerinde, gaharlanyp: «Näme üçin bu ýag beýle isrip edildi? 9Bu ýagy köp pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyryn» diýişdiler. 10Isa muny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme üçin aýaly ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 11Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 12Ol bu ýagy Meniň bedenimi jaýlamaga taýýar etmek üçin guýdy. 13Size dogrusyny aýdýaryn, bu Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar».
Ýudasyň haýynlygy
(Mark 14:10,11; Luka 22:3-6)
14Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. 15Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler. 16Ýudas şondan soň Isany olara tabşyrmak üçin amatly pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
(Mark 14:12-26; Luka 22:7-20,21-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
17 Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 18Isa olara: «Şähere gidiň-de, şu aýdan kişimiň öýüne baryň. Oňa: „Mugallymymyz saňa: ‘Wagtym golaýlady, Pesah baýramyny şägirtlerim bilen bilelikde seniň öýüňde bellejek diýýär’“ diýiň» diýdi. 19Şägirtler hem Isanyň özlerine buýruşy ýaly edip, Pesah naharyny taýýarladylar.
20Agşam Isa on iki şägirdi bilen bilelikde saçak başyna geçdi. 21Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýdi. 22Olar gaty tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Agam, men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 23Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder. 24Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi. 25Oňa haýynlyk eden Ýudas: «Mugallym, men bir dälmikäm?» diýip sorady. Isa hem oňa: «Özüň aýtdyň» diýdi.
26Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 27Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň. 28Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir#26:28 Ähtdir – käbir golýazmalarda täze ähtdir. . 29Size şuny aýdaýyn: Atamyň Şalygynda siziň bilen bile täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 30Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Mark 14:27-31; Luka 22:31-34; Ýohanna 13:36-38)
31 #
Zak 13:7. Soňra Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz şu gijäniň özünde Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. 32Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 33Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men asla ýüz öwürmerin» diýdi. 34Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 35Emma Petrus Oňa: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin!» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Getsemani bagynda
(Mark 14:32-42; Luka 22:39-46)
36Soňra Isa şägirtleri bilen Getsemani diýen ýere gitdi. Isa olara: «Siz bu ýerde garaşyň, Men hol ýere gidip, Hudaýa doga etjek» diýdi. 37Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady. 38Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 39Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.
40 Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Meniň bilen bile bir sagat-da oýa bolup bilmediňizmi? 41Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
42 Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!» 43Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. 44Isa olary goýup, ýene gitdi, ýene şol öňki sözler bilen üçünji gezek dileg etdi. 45Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 46Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Isa tutulýar
(Mark 14:43-50; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
47 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 48Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur» diýip gepleşipdi. 49Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Salam, Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 50Isa hem oňa: «Dostum, hany, näme etjek bolsaň et» diýdi. Edil şol wagt adamlar Isany tutup, ele saldylar. 51Isanyň ýanyndakylaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 52Şonda Isa oňa şeýle diýdi: «Gylyjyňy gynyna sal, gylyç çekenleriň hemmesi gylyçdan öler. 53Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer. 54Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!» 55Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. 56Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.
Isa mejlisiň öňünde
(Mark 14:53-65; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
57 Isany tutanlar Ony baş ruhany Kaýafanyň ýanyna getirdiler, Töwrat mugallymlary bilen ýaşulular-da şol ýere ýygnanypdylar. 58Petrus bolsa baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol içeri girdi-de, işiň soňuny görjek bolup, sakçylar bilen bile oturdy. 59Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar. 60Köp ýalançy şaýatlar geldi, emma Oňa garşy hiç zat tapyp bilmediler. Ahyrsoňy iki sany ýalançy şaýat gelip: 61«Bu adam: „Men Hudaýyň ybadathanasyny ýykyp, ony üç günde täzeden salyp bilerin“ diýdi» diýip habar berdi. 62Baş ruhany ornundan turup: «Sen asla jogap berjek dälmi? Bu adamlaryň Seniň garşyňa berýän şaýatlygy näme?» diýdi. 63Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. 64#Zeb 109:1.Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi. 65Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. 66Näme karara gelýärsiňiz?» diýdi. Olar: «Ol ölüme mynasyp!» diýip jogap berdiler. 67Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa: 68«Eý, Mesih, bize welilik et, Seni uran kim?» diýip, Ony şapbatladylar.
Petrus Isany inkär edýär
(Mark 14:66-72; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
69Petrus bolsa daşarda, howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen hem jelileli Isa bilen bilediň» diýdi. 70Emma Petrus muny hemmeleriň öňünde inkär edip: «Men seniň näme diýýäniňi bilmeýärin» diýdi. 71Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi. 72Petrus ýene-de inkär edip: «Men ol adamy tanamok» diýip ant içdi. 73Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi seniň gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler. 74Şonda Petrus ant içip: «Hudaý ursun! Men ol adamy tanamok» diýdi. Edil şol wagt horaz gygyrdy. 75Petrus Isanyň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady we daşary çykyp, möňňürip aglady.
Currently Selected:
Matta 26: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016