Matta 27
27
27‑nji bap
Ýudas özüni asýar
(Mark 15:1; Luka 23:1,2; Ýohanna 18:28-32)
1Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler. 2Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar. 3Onsoň Isa haýynlyk eden Ýudas Oňa höküm edilenini görüp, eden işine ökündi. Ol otuz teňňe kümşi yzyna, ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşululara getirip: 4«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler. 5Ýudas kümüşleri ybadathananyň içine zyňdy-da, çykyp gaýtdy. Soňra gidip, özüni asdy. 6Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler. 7Şeýlelikde, maslahat geçirip, gelmişeklere gonamçylyk etmek üçin, bu pula küýzegäriň ýerini satyn aldylar. 8Şonuň üçin ol ýere şu güne çenli «Gan meýdançasy» diýilýär. 9-10#Zak 11:12-13; Ýrm 19:1-13; Ýrm 32:6-9.Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».
Isa Pilatyň öňünde
(Mark 15:2-5; Luka 23:3-5; Ýohanna 18:33-38)
11 Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi. 12Ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Ony aýyplanlarynda, Ol hiç hili jogap bermedi. 13Onsoň Pilat Ondan: «Seniň garşyňa berilýän munça şaýatlyklary eşitmeýärsiňmi?» diýip sorady. 14Isa onuň ýekeje soragyna hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy.
15Her Pesah baýramynda häkim halkyň haýyşy bilen bir tussagy boşatmagy adat edinipdi. 16Şol wagtlar Ýeşuwa Barabbas#27:16 Ýeşuwa Barabbas – käbir golýazmalarda Ýeşuwa diýen söz ýok, şeýle hem 17‑nji aýatda. diýen ady belli biri tussaglykda ýatyrdy. 17Şeýlelikde, halk ýygnanyşanda Pilat olardan: «Siziň üçin kimi boşatmagymy isleýärsiňiz? Ýeşuwa Barabbasymy ýa-da Mesih diýilýän Isany?» diýip sorady. 18Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 19Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy. 20Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 21Häkim olara ýüzlenip: «Siz bu ikisinden meniň haýsyny boşatmagymy isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar hem: «Barabbasy» diýip jogap berdiler. 22Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. 23Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
24 Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi. 25Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi. 26Şonda Pilat Barabbasy boşatdy, Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Esgerler Isany masgaralaýar
(Mark 15:16-20; Ýohanna 19:2,3)
27Soňra häkimiň esgerleri Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 28Egin-eşigini çykaryp, egnine gyzyl don geýdirdiler. 29Tikenden täç örüp, başyna geýdirdiler-de, sag eline taýak tutdurdylar. Öňünde dyza çöküp: «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony masgaraladylar. 30Onuň üstüne tüýkürdiler, taýaklap, başyna urdular. 31Ony masgaralanlaryndan soň, dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge alyp gitdiler.
Isa haça çüýlenýär
(Mark 15:21-32; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
32Ýolda barýarkalar, kirineýli Simun atly bir adama sataşdylar. Olar bu adama Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 33Olar Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere geldiler. 34Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi. 35Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar. 36Soňra ol ýerde oturyp, Oňa garawullyk etdiler. 37Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar. 38Onuň bilen bile iki garakçy hem haça çüýlendi. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 39Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. 40Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 41Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: 42«Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. Özem Ysraýylyň Patyşasymyş! Onda, goý, Ol häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem Oňa iman edeli. 43Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler. 44Şeýle hem, Isa bilen bile haça çüýlenen garakçylar-da Oňa sögýärdiler.
Isanyň ölümi
(Mark 15:33-41; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
45Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 46#Zeb 21:2.Öýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 47Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler. 48Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakdy-da, içirjek bolup, Isa uzatdy. 49Beýlekiler-de: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony halas edermikä?» diýişdiler. 50Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.
51Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. 52Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi. 53Olar mazarlardan çykyp, Isa direlenden soň, mukaddes şähere baryp, köplere göründiler. 54Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler. 55Ol ýerde uzakdan seredişip duran köp aýallar hem bardy. Olar Jelileden Isanyň yzyna düşüp gelenlerdi we Oňa hyzmat edenlerdi. 56Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň#27:56 Ýosä – grekçe Ýusup, bu Ýosäniň beýleki ady. ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.
Isa jaýlanýar
(Mark 15:42-47; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)
57Agşam düşen wagty Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirtlerindendi. 58Ol Pilatyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. Şonda Pilat jesediň oňa berilmegini buýurdy. 59-60Ýusup jesedi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýada özi üçin oýduryp ýasadan täze mazarynda jaýlady. Onsoň mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy-da, ol ýerden gitdi. 61Magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem hem şol ýerde mazaryň garşysynda otyrdylar.
62Ertesi, ýagny Taýýarlyk gününiň ertesi ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler Pilatyň ýanyna ýygnanyşyp: 63«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda. 64Şonuň üçin üç günläp mazaryň gorag astynda saklanmagyny buýur, şägirtleri gije gelip, jesedi ogurlap, halka bolsa: „Ol direldi“ diýäýmesinler. Bu soňky ýalan öňküden-de beter bolar» diýdiler. 65Pilat olara: «Ýanyňyza esgerler alyp, gidiň-de, mazary öz bilşiňiz ýaly gorag astynda sakladyň» diýdi. 66Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.
Currently Selected:
Matta 27: TukLat16
Highlight
Share
Copy

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016