1
Matta 27:46
Mukaddes Kitap
Öýlän sagat üç töweregi Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.
Compare
Explore Matta 27:46
2
Matta 27:51-52
Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi, ýer titräp, daşlar ýaryldy. Mazarlar açylyp, ölen ençeme mukaddes adamlaryň jesedi direldi.
Explore Matta 27:51-52
3
Matta 27:50
Isa ýene-de gaty ses bilen gygyryp, jan berdi.
Explore Matta 27:50
4
Matta 27:54
Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.
Explore Matta 27:54
5
Matta 27:45
Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.
Explore Matta 27:45
6
Matta 27:22-23
Pilat olara: «Onda men Mesih diýilýän Isany näme edeýin?» diýip sorady. Olaryň hemmesi biragyzdan: «Ol haça çüýlensin!» diýdiler. Pilat: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.
Explore Matta 27:22-23
Home
Bible
Plans
Videos