Mark 13

13
13‑nji bap
Ynsan Oglunyň gelýäniniň alamatlary
(Matta 24:1-31; Luka 21:5-28)
1 Isa ybadathananyň howlusyndan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Seret, ne ajap daşlar, ne ajap binalar!» diýdi. 2Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan: 4«Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar. 5Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 6Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 7Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 8Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr. 9Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz. 10Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir. 11Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 13Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14#Dan 9:27; 11:31; 12:11.Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin. 15Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 16Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 17Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 18Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň. 19Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 20Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy. 21Şonda kimdir biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 22Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 23Ägä boluň! Men hemme zady size öňünden aýtdym.
24Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. 25Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 26Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 27Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.
Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 24:32-35; Luka 21:29-33)
28Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 29Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 30Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 31Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Matta 24:36-44)
32Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. 33Hüşgär boluň, oýa boluň#13:33 Käbir golýazmalarda doga-dileg ediň diýen sözler hem bar. ! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz. 34Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar. 35Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz. 36Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn. 37Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»

Айни замон обунашуда:

Mark 13: TukLat16

Лаҳзаҳои махсус

Паҳн кунед

Нусха

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in