Mark 12

12
12‑nji bap
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Luka 20:9-19)
1Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär. 2Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär. 3Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler. 4Üzümçiligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, ony masgara edip iberýärler. 5Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler. 6Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär. 7Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler. 8Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar. 9Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer-de, üzümçiligi başgalara berer. 10#Zeb 117:22.Siz Mukaddes Ýazgydaky:
„Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
11Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy näme?»
12Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Luka 20:20-26)
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. 14Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar. 15Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi. 16Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 17Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Luka 20:27-40)
18Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 19#Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 20Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýala öýlendi, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. 21Ikinjisi hem şol aýala öýlendi, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy. 22Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi. 23Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 24Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi? 25Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 26#Msr 3:6,15.Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi. 27Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
Iň wajyp tabşyryk
(Matta 22:34-40; Luka 10:25-28)
28Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden Töwrat mugallymlardan biri Isanyň olara jaýdar jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk iň wajyp tabşyryk?» diýip sorady. 29#Kan 6:4-5.Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 30Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz hem güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. 31#Lew 19:18.Ikinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi. 32Ol adam Oňa: «Seniňki dogry, eý, Mugallym! Sen hakykaty sözlediň. Hudaý ýeke-täkdir, Ondan başgasy ýokdur. 33Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi. 34Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Mesih kimiň Ogly?
(Matta 22:41-46; Luka 20:41-44)
35 Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler? 36#Zeb 109:1.Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir:
„Hudaý Rebbime#12:36 Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli. şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
37 Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»
Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.
Isa ikiýüzli Töwrat mugallymlary ýazgarýar
(Matta 23:1-36; Luka 20:45-47)
38 Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, 39sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar. 40Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar».
Dul aýalyň sadakasy
(Luka 21:1-4)
41 Isa sadaka gutusynyň garşysynda oturyp, oňa pul atýan halky synlaýardy. Ençeme baý adamlar guta köp pul atdylar. 42Bir garyp dul aýal gelip, guta iki şaý atdy. 43Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy. 44Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.

Айни замон обунашуда:

Mark 12: TukLat16

Лаҳзаҳои махсус

Паҳн кунед

Нусха

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in