Mark 14
14
14‑nji bap
Isany öldürmek barada dildüwşük
(Matta 26:1-5; Luka 22:1,2; Ýohanna 11:45-53)
1Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar. 2Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
Bir aýal Isanyň başyna ýag guýýar
(Matta 26:6-13; Ýohanna 12:1-8)
3 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy. 4Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag isrip edildi? 5Muny bir ýyllyk iş hakyna#14:5 Bir ýyllyk iş hakyna barabar pul – grekçe üç ýüz dinar. Bir dinar bir günlük iş hakyna deňdir. barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler. 6Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 7Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 8Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady. 9Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.
Ýudasyň haýynlygy
(Matta 26:14-16; Luka 22:3-6)
10Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri Isa dönüklik etmek üçin, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. 11Olar muny eşidip begendiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
Isa şägirtleri bilen Pesah baýramyny belleýär
(Matta 26:17-30; Luka 22:7-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
12Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 13Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň. 14Ol nirä baryp girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, Meniň myhman otagym nirede diýip soraýar“ diýiň. 15Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 16Şägirtler ýola düşüp, şähere gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. 17Agşam Isa Onkiler bilen bile geldi. 18Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi. 19Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 20Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri. 21Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi. 22Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 23Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi. 24Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht#14:24 Äht – käbir golýazmalarda täze Äht. ganymdyr. 25Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 26Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
27 #
Zak 13:7. Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. 28Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 29Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men beýle etmerin» diýdi. 30Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 31Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Getsemani bagynda
(Matta 26:36-46; Luka 22:39-46)
32Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. 33Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. 34Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 35Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. 36Ol: «Abba#14:36 Abba – arameýçe bu söz Atam diýmegi aňladýar. , Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. 37Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? 38Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. 39Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi. 40Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler. 41Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 42Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
43 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 44Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi. 45Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 46Onsoň adamlar Isany tutup, ele saldylar. 47Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 48Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 49Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi. 50Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler. 51-52Ýalaňaç bedenini ýapynja bilen örten bir ýaş ýigit Isanyň yzyna düşüp barýardy. Esgerler ony hem tutdular, emma ol ýapynjasyny taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
Isa mejlisiň öňünde
(Matta 26:57-68; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar. 54Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol hem sakçylar bilen bile howluda oda çoýunyp otyrdy. 55Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. 57Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip: 58«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler. 59Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady. 60Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady. 61Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. 62Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. 63Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek? 64Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar. 65Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.
Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:69-75; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
66Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi. 67Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi. 68Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy. 69Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy. 70Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler. 71Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi. 72Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.
Айни замон обунашуда:
Mark 14: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016