Luka 9

9
9-njy bap
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Mark 6:7-29)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwah-jynlary kowmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç we ygtyýar berdi. 2Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi. 3Isa olara: «Ýol üçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek, ne pul, ne artykmaç eşik – hiç zat bolmasyn. 4Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň. 5Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 6Şeýdip, olar ýola düşdüler, her bir baran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp, obama-oba aýlandylar.
7Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. 8Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. 9Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Mark 6:30-44; Ýohanna 6:1-14)
10 Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi#9:10 Betsaýda diýen şähere gitdi – bu jümle käbir golýazmalarda Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi diýip duş gelýär.. 11Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy. 12Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler. 13Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satyn almaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyry» diýdiler. 14Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. 15Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. 16Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. 17Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-28; Mark 8:27–9:1)
18Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. 19Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler. 20Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýip jogap berdi. 21Isa bolsa muny hiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
(Matta 16:20-28; Mark 8:30–9:1)
22Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi. 23Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. 24Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 25Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 26Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. 27Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri ölmezden öň Hudaýyň Şalygynyň gelýänini görerler».
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-8; Mark 9:2-8)
28Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. 29Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy. 30Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy. 31Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy. 32Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudan açylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. 33Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän, Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 34Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Özlerini bulut gurşap alanda, olar gaty gorkdular. 35Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir!#9:35 Saýlap-seçenimdir – käbir golýazmalarda söýgülimdir. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 36Bu ses kesilen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar
(Matta 17:14-18; Mark 9:14-27)
37Şol günüň ertesi dagdan aşak düşen wagty, bir uly mähelle Isany garşylady. 38Mähelläniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Ýalbarýan, meniň ogluma nazaryňy sal, ol meniň ýalňyz çagam. 39Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar. 40Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar». 41Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. 42Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. 43Hemmeler Hudaýyň beýikdigine haýran galdy.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 17:22,23; Mark 9:30-32)
Hemmeler Isanyň eden işlerine geň galdy. Isa Öz şägirtlerine: 44«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi. 45Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.
Iň beýik kim?
(Matta 18:1-5; Mark 9:33-37)
46Şägirtleriň arasynda olardan kimiň iň beýikdigi barada jedel ýüze çykdy. 47Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. 48Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi. 49Ýohanna Isa ýüzlenip: «Halypa! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi. 50Isa oňa: «Ony togtatmaň! Kim size garşy bolmasa, ol siziň tarapyňyzdadyr» diýdi.
Samariýalylar Isa garşy bolýarlar
51Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime gitmegi ýüregine düwüp, ýola düşdi. 52Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. 53Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy. 54Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?#9:54 Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi? – käbir golýazmalarda Ylýasyň edişi ýaly gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar. 55-56Emma Isa öwrülip, olara käýedi#9:55-56 Olara käýedi – käbir golýazmalarda olara käýäp, «Siz haýsy ruha degişlidigiňizi bilmeýärsiňiz. Çünki Ynsan Ogly adamlary ýok etmäge däl-de, olary halas etmäge gelendir» diýdi diýen sözler hem bar.. Onsoň olar başga oba gitdiler.
Isanyň yzyna eýermek
(Matta 8:19-22)
57Ýolda barýarkalar, bir adam Isa: «Nirä gitseň#9:57 Nirä gitseň – käbir golýazmalarda Ýa Reb! Nirä gitseň., men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 58Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. 59Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 60Emma Isa oňa: «Goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler, ýöne sen git-de, Hudaýyň Şalygyny wagyz et» diýdi. 61Ýene birisi: «Agam! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. 62Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.

Айни замон обунашуда:

Luka 9: TukLat16

Лаҳзаҳои махсус

Паҳн кунед

Нусха

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in