Luka 8

8
8‑nji bap
Ekin tymsaly
(Matta 13:1-23; Mark 4:1-20)
1Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady. 2-3Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.
4Uly bir mähelle üýşüp, ähli şäherlerden adamlar Isanyň ýanyna geldi. Şonda Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: 5«Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşüp, aýak astynda depelenýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 6Birnäçe tohum daşly ýere düşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler. 7Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilen gögeren tikenler olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy. 9Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar. 10Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar. 11Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir. 12Ýoluň üstüne düşen däneler sözi eşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler, halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar. 13Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. 14Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. 15Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.
Çyra tymsaly
(Mark 4:21-25)
16Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 17Elbetde, üsti açylmajak gizlin zat, bilinmejek, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 18Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».
Isanyň ejesi we inileri
(Matta 12:46-50; Mark 3:31-35)
19 Isanyň ejesi bilen inileri Ony görmäge geldiler, emma üýşen mähelleden ýaňa Onuň ýanyna girip bilmediler. 20Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler. 21Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Matta 8:23-27; Mark 4:35-41)
22Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler. 23Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isa uka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk suwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler. 24Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy. 25Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olar bolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adam kimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulak asýar!» diýişdiler.
Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar
(Matta 8:28-34; Mark 5:1-20)
26Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşýän gerasalylaryň#8:26 Gerasalylar – käbir golýazmalarda gadaralylar. Seret: Mat 8:28. ýurduna geldiler. 27Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. 28Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi. 29Çünki Isa arwah-jyna ol adamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallap saklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwah-jyn ony çöllere äkiderdi. 30Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun#8:30 Goşun – grekçe Legion. Bu söz alty müň esgerli goşuny aňladýar.» diýip jogap berdi, sebäbi oňa san-sajaksyz arwah-jyn giripdi. 31Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. 32Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmegini sorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi. 33Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 34Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler. 35Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 36Bu wakany görenler bolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygy barada gürrüň berdiler. 37Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. 38Arwah-jyndan halas bolan adam Isa gitmezden öň Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 39Isa bolsa: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa nämeler edendigini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini tutuş şähere jar etdi.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Matta 9:18-26; Mark 5:21-43)
40 Isa yzyna dolanyp gelende, halk Ony gyzgyn garşylady, sebäbi hemmeler Oňa garaşýardy. 41Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi. 42Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 43Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy#8:43 Ol hiç zatdan haýyr tapmandy – käbir golýazmalarda Ol bary-ýoguny lukmanlara sarp edip, hiç zatdan haýyr tapmandy.. 44Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi. 45Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus#8:45 Käbir golýazmalarda Petrus bilen ýanyndakylar.: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi. 46Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi. 47Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi. 48Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi. 49Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi. 50Emma Isa muny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular» diýdi. 51Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi. 52Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi. 53Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuň üstünden güldüler. 54Emma Isa hemmäni daşary kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, tur!» diýdi. 55Gyza jan girip, ol şobada ýerinden turdy. Onsoň Isa gyza nahar bermeklerini buýurdy. 56Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.

Айни замон обунашуда:

Luka 8: TukLat16

Лаҳзаҳои махсус

Паҳн кунед

Нусха

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in