Luka 2
2
2‑nji bap
Isa dogulýar
(Matta 1:18-25)
1Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy. 2Bu ilkinji ilat ýazuwy bolup, ol Kiriniusyň Siriýa hökümdarlyk eden döwründe geçirildi. 3Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.
4Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi. 5Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi. 6-7Olar Beýtullahamdakalar, Merýemiň aýy-güni dolup, nowbahar ogluny dogurdy. Merýem Ony gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy, sebäbi olar myhmanhanadan ýer tapmandylar.
Çopanlar we perişdeler
8Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar. 9Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. 10Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin: 11Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir. 12Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi. 13Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:
14«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun!
Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!#2:14 Hudaýdan… parahatlyk bolsun! – bu jümle käbir golýazmalarda Ýer ýüzünde parahatlyk, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun! diýip duş gelýär. » diýýärdiler.
15 Perişdeler çopanlaryň ýanyndan aýrylyp, göge göterilenlerinde, çopanlar biri-birlerine: «Ýörüň, Beýtullahama gideliň. Rebbiň bize aýan eden bu wakasyny göreliň» diýişdiler.
16Şeýlelikde, olar gyssanmaç gidip, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. 17Olar Isany görenlerinde, bu çaga hakda eşidenlerini olara gürrüň berdiler. 18Çopanlaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galdy. 19Merýem bolsa bu zatlaryň bary hakda çuňňur pikire batyp, olary ýüreginde saklaýardy. 20Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.
Şimgon we Hanna Isa hakda pygamberlik edýärler
21Sekizinji gün çagany sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy. 22Musanyň kanuny boýunça geçirilýän tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar. 23#Msr 13:2,12.Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr. 24#Lew 12:8.Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler.
25Şol wagt Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi. 26Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy. 27Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda, 28Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: 29«Ýa Reb, Öz beren sözüňe görä, indi guluň arkaýyn amanadyny tabşyryp biler. 30-31Ine, Seniň ähli halklaryň öňünde taýýarlan Halasgäriňi gözüm bilen gördüm. 32Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».
33Çaga barada aýdylýan sözlere onuň ene-atasy haýran galdy. 34Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar. 35Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.
36-37Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi. 38Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi. 39Ýusup bilen Merýem Musanyň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar. 40Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.
Isa din mugallymlary bilen
41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime gidýärdiler. 42Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler. 43Baýramçylyk gutarandan soň, olar öýlerine dolandylar. Ýetginjek Isa bolsa Iýerusalimde galdy, emma Onuň ene-atasynyň mundan habary ýokdy. 44Olar Ony ýolagçylaryň arasyndadyr öýdüp, bir günlük ýoly geçdiler. Onsoň Ony dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň arasyndan gözläp başladylar. 45Ony gözläp tapmansoňlar, yzlaryna Iýerusalime dolandylar. 46Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi. 47Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar. 48Ene-atasy Ony görenlerinde geň galdylar. Ejesi Oňa: «Oglum! Näme üçin beýtdiň? Kakaň ikimiz gaty gaýgy edip, Seni gözledik» diýdi. 49Isa olara: «Meni näme üçin gözlediňiz? Siz Meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärdiňizmi?» diýdi. 50Emma olar Onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmediler. 51Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy. 52Isa akyldarlykda, boýda ösüp, Hudaýyň hem adamlaryň mährini gazanýardy.
Айни замон обунашуда:
Luka 2: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха
![None](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fimageproxy.youversionapi.com%2F58%2Fhttps%3A%2F%2Fweb-assets.youversion.com%2Fapp-icons%2Ftg.png&w=128&q=75)
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016