Luka 1
1
1‑nji bap
Sözbaşy
1Hormatly Teofil! Ençeme adamlar aramyzda bolup geçen wakalaryň taryhyny ýazmaga girişdiler. 2Şol wakalary bize ilkibaşdan gözleri bilen gören şaýatlar we Hudaýyň Hoş Habarynyň hyzmatçylary ýetirdi. 3Şonuň üçin, eý, gadyrly Teofil, meniň özüm hem bolup geçen wakalaryň anygyna ýetip, saňa hemmesini jikme-jik ýazmagy ýüregime düwdüm. 4Indi sen özüňe öwredilen zatlaryň hakykatdygyna göz ýetirersiň.
Çümdüriji Ýahýanyň doguljagy öňünden aýdylýar
5 Ýahudyýa patyşasy Hirodyň döwründe Zekarýa atly bir ruhany bardy. Ol Abyýanyň ruhanylar toparyndandy, onuň aýaly Elizabet hem Harunyň neslindendi. 6Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler. 7Emma Elizabetiň önelgesizdigine görä, olaryň perzendi ýokdy. Olaryň ikisi-de eýýäm garrylyk ýaşyna ýetipdi.
8Bir gün Zekarýa öz toparynyň nobatçylyk gezeginde, Hudaýyň huzurynda ruhanylyk hyzmatyny berjaý edýärdi. 9Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi. 10Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.
11Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi. 12Zekarýa ony görüp, özüni ýitirdi, ony gorky gaplady. 13Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň. 14Bu saňa uly şatlyk getirer, onuň doglanyna köp adamlar şatlanar. 15Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar. 16Ol ysraýyl halkyndan köp adamy özleriniň Hudaýy Rebbe tarap öwrer. 17Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň#1:17 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýardylar. Sözlüge seret. öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar». 18Zekarýa perişdä: «Men muny nähili bileýin? Men bir garry adam, aýalym-da garrylyk ýaşyna ýeten» diýdi. 19Perişde oňa: «Men – Hudaýyň huzurynda durýan Jebraýyl. Men seniň bilen gepleşip, saňa bu Hoş Habary gowşurmak üçin iberildim. 20Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.
21Şol wagt Zekarýa garaşyp duran halk onuň ybadathanada eglenenine geň galdy. 22Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.
23Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy. 24Aradan köp wagt geçmänkä, onuň aýaly Elizabet göwreli boldy. Ol bäş aýlap hiç ýere çykmady, öýünde boldy. 25Ol: «Muny meniň üçin eden Rebdir. Indi Ol maňa nazar salyp, il arasyndaky utanjymdan dyndardy» diýýärdi.
Isanyň doguljagy öňünden aýdylýar
26Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine, 27Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady Merýemdi. 28Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!#1:28 Käbir golýazmalarda Sen aýallar arasynda bagtlysyň! diýen jümle hem bar.» diýdi. 29Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy. 30Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň. 31Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. 32Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly#1:32 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. 33Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. 34Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi. 35Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. 36Anha, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrydygyna garamazdan, göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýal eýýäm alty aý bäri göwrelidir. 37Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi. 38Merýem: «Men Rebbiň gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Onsoň perişde onuň ýanyndan gitdi.
Merýem Elizabetiň ýanyna gidýär
39Şol günlerde Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi. 40Ol ýerde Zekarýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet Mukaddes Ruhdan doldy. 42Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr! 43Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam? 44Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady. 45Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.
Merýemiň aýdymy
46 Merýem şeýle diýdi:
«Janym Rebbi beýgeldýär,
47 ruhum Halasgärim Hudaýa şatlanýar.
48Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy.
Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.
49Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi.
Onuň ady mukaddesdir.
50Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.
51Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy,
öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.
52Hökümdarlary tagtyndan düşürip,
pespäl adamlary beýgeltdi.
53Açlary näz-nygmatdan doýrup,
baýlary bolsa boş gaýtardy.
54-55Atalarymyza söz berşi ýaly,
Ybraýym bilen onuň nesline
rehimdarlyk etmegi hiç unutman,
guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.
Çümdüriji Ýahýa dogulýar
57Elizabetiň aýy-güni dolup, bir ogul dogurdy. 58Goňşularydyr dogan-garyndaşlary Rebbiň oňa beýik merhemet edendigini eşidip, onuň bilen şatlandylar. 59Sekizinji gün çagany sünnet etmäge geldiler. Oňa kakasy Zekarýanyň adyny dakjak boldular. 60Emma ejesi muňa garşy bolup: «Ýok, onuň ady Ýahýa bolmalydyr» diýdi. 61Olar oňa: «Seniň garyndaşlaryňyň arasynda Ýahýa atlysy ýok ahyry» diýdiler. 62Onsoň olar çaganyň kakasyna üm bilen düşündirip, onuň adyna näme dakmakçydygyny soradylar. 63Zekarýa hem ýazar ýaly bir tagtajyk tapyp, oňa «Ady Ýahýa» diýip ýazdy. Hemmeler haýran galdy. 64Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady. 65Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi. 66Muny eşidenleriň bary bu zatlar hakda oý-pikire batyp: «Bu çaga kim bolarka?» diýişýärdi. Çünki Rebbiň güýji onuň bilendi.
Zekarýanyň pygamberligi
67Çaganyň kakasy Zekarýa Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle pygamberlik etdi:
68«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun!
Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.
69-71Öňki zamanda
mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly,
duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge,
ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga,
Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden
bir güýçli Halasgär çykardy.
72Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin,
Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.
73Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:
74-75Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge,
ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz,
mukaddeslik hem dogrulyk bilen
gulluk etmäge mümkinçilik berdi.
76Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň!
Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.
77Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly
olaryň halas boljakdygyny
Onuň halkyna mälim edersiň.
78Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr:
Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.
79Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar,
aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».
80Şunlukda, çaga ösýärdi we ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.
Айни замон обунашуда:
Luka 1: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016