Luka Giriş
Giriş
Bu kitap Luka atly lukman tarapyndan ýazyldy. Ol Isa iman eden ilkinji adamlaryň biridi. Luka Isanyň durmuşynyň, görkezen gudratlarynyň, wagyzlarynyň şaýady bolan adamlaryň gürrüňlerini yhlas bilen ýygnap, iki kitap: Lukanyň hoş habary we Resullaryň işleri atly kitaplary ýazdy.
Luka Hoş Habar kitabyny Isa Mesihiň Halasgärdigi baradaky habary hemmelere mälim etmek maksady bilen ýazýar. Bu Halasgär gadymyýetdäki pygamberler arkaly Hudaý tarapyndan wada berlipdi. Luka bu Hoş Habaryň diňe bir urug ýa-da halk üçin däl-de, tutuş adamzat üçindigini gaýta-gaýta nygtaýar. Ol garyplar we aýallar ýaly köp kemsidilmelere we zuluma duçar bolýanlar barada Isa Mesihiň hossarlyk bilen alada edendigini beýan edýär. Luka Isa Mesihiň Özi barada aýdanlaryny mysal getirip, şuny ýazýar: «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady… zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi». (Luk 4:18.)
Luka Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruh, doga-dilegiň güýji barada köp ýazýar. Ol öz kitabynda Isanyň köp tymsallaryny aýdyp berýär. Bu tymsallar adaty durmuşa esaslanyp, Hudaýyň Şalygy barada, bu Şalygyň raýaty bolmak üçin näme etmelidigini okyja sada dilde düşündirýär.
Mazmuny
Giriş1:1-4
Ýahýa pygamberiň we Isa Mesihiň dogulmagy, olaryň çagalygy1:5–2:52
Isa Mesihiň synalmagy we çümdürilmegi3:1–4:13
Isa Mesihiň Jelilede görkezen gudratlary we wagyzlary4:14–9:50
Isa Iýerusalime ugraýar9:51–19:27
Iýerusalime dabaraly giriş we soň bolan wakalar19:28–23:56
Rebbiň direlişi, şägirtlerine görünmegi we göge alynmagy24:1-53
Айни замон обунашуда:
Luka Giriş: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха
![None](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fimageproxy.youversionapi.com%2F58%2Fhttps%3A%2F%2Fweb-assets.youversion.com%2Fapp-icons%2Ftg.png&w=128&q=75)
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016