YouVersion logo
Ikona pretraživanja

Ýohanna 4

4
4‑nji bap
Isa samariýaly aýal bilen gepleşýär
1 Isanyň Ýahýa garanda has köp şägirt edinip, suwa çümdürýändigi baradaky habar fariseýleriň gulagyna ýetdi. 2Aslynda olary Isa däl-de, şägirtleri çümdürýärdi. 3Isa fariseýleriň Özi hakynda eşidendigini bilende, Ýahudyýany taşlap, ýene-de Jelilä gaýtdy. 4Ol Samariýanyň üsti bilen gitmelidi. 5Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy. 6Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy. 7Şol wagt samariýaly bir aýal guýudan suw almaga geldi. Isa oňa: «Maňa içmäge suw bersene» diýdi. 8Isanyň şägirtleri bolsa iýmit satyn almak üçin şähere gidipdiler. 9Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler. 10Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi. 11Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12Bu guýyny bize atamyz Ýakup berdi. Onuň özi-de, çagalary-da, mal-garalary-da bu guýudan suw içen. Eýsem sen şol atamyz Ýakupdan hem beýikmi?» diýdi. 13Isa oňa: «Bu suwdan içen ýene suwsar. 14Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi. 15Aýal: «Eý, Aga, maňa şol suwdan bersene, gaýdyp suwsamaýyn, suw çekmäge bu ýere gelmäýin» diýdi. 16Isa: «Bar, git-de, äriňi çagyryp gel» diýdi. 17Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa oňa: «Ärim ýok diýip, dogrusyny aýtdyň. 18Seniň öň bäş äriň bardy, häzirki bile ýaşap ýöreniň hem öz äriň däl, muny dogry aýtdyň» diýdi. 19Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän. 20Biziň ata-babalarymyz Hudaýa şu dagda sežde edipdirler, emma siz ýahudylar Hudaýa sežde edilýän ýer Iýerusalimdedir diýýärsiňiz» diýdi. 21Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, zenan, Maňa ynan, şeýle bir wagt geler, şonda Ata Hudaýa ne şu dagda, ne-de Iýerusalimde sežde edersiňiz. 22Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir. 23Emma şeýle bir wagt geler, hakyky sežde edýänler Ata ruhda we hakykatda sežde ederler. Ol wagt eýýäm geldi! Ata Özüne şeýle sežde edýänleri agtarýar. 24Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda we hakykatda sežde etmelidirler». 25Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.) 26Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi.
27Edil şol wagt Isanyň şägirtleri geldiler we Onuň bir aýal bilen gepleşip duranyna haýran galdylar. Emma hiç kim: «Edýäniň näme?» ýa-da «Bu aýal bilen näme üçin gepleşýärsiň?» diýip soramady. 28Onsoň ýaňky aýal küýzesini goýdy-da, şähere baryp, halka: 29«Ýörüň, meniň ähli eden işlerimi aýdyp beren Adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30Olar şäherden çykyp, Isanyň ýanyna bardylar. 31Şu aralykda şägirtleri Isa: «Mugallym, çörek iýip otur!» diýip, hödür etdiler. 32Isa bolsa olara: «Meniň iýmäge zadym bar, ýöne siz ony bilmeýärsiňiz» diýdi. 33Onsoň şägirtleri: «Kimdir biri Oňa iýmäge zat getirip beren däldir-ä?» diýişdiler. 34Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir. 35Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar. 36Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar. 37#Eýp 31:8; Mik 6:15.„Biri eker, başga biri orar“ diýilýän söz bu babatda dogrudyr. 38Men sizi zähmetiňiziň siňmedik hasylyny ormaga iberdim. Başgalar bu hasyl ugrunda zähmet çekdiler, siz bolsa olaryň zähmetiniň rähnetini görýärsiňiz» diýdi.
39«Meniň ähli eden işlerimi aýdyp berdi» diýip, şaýatlyk eden aýalyň sözi bilen bu şäherdäki samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. 40Şonuň üçin-de, samariýalylar Isanyň ýanyna gelip, öz ýanlarynda galmagyny Ondan haýyş etdiler. Ol hem şol ýerde iki gün galdy. 41Onuň sözlerini diňläp, ýene-de köp adamlar Oňa iman etdiler. 42Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.
Isa köşk emeldarynyň ogluny sagaldýar
43Iki gün geçenden soň, Isa ol ýerden Jelilä gitdi. 44Pygamberleriň öz ýurdunda gadyrynyň ýokdugyny Isanyň Özi tassyklapdy. 45Muňa garamazdan, Isa Jelilä gelende, jelileliler Ony gyzgyn garşy aldylar, sebäbi olar Pesah baýramy üçin Iýerusalime baranlarynda, ol ýerde Isanyň eden ähli işlerini görüpdiler. 46Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy. 47Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy. 48Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi. 49Köşk emeldary Oňa: «Eý, Aga, oglum ölmänkä baraý-da!» diýdi. 50Isa oňa: «Gidiber, ogluň ýaşar» diýdi. Ol hem Isanyň aýdan sözüne ynanyp, öýüne gaýtdy. 51Ol heniz ýoldaka, hyzmatkärleri onuň öňünden çykyp: «Ogluň sagaldy» diýdiler. 52Ol adam hyzmatkärlerinden oglunyň gowulaşyp başlan sagadyny sorady. Olar oňa: «Düýn gündiz sagat birde gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53Onsoň munuň Isanyň «Ogluň ýaşar» diýen sagadynda bolandygyna atasy göz ýetirdi. Şeýdip ol öý-içersi bilen birlikde Oňa iman etdi. 54Bu Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenden soň görkezen ikinji gudratly alamatydy.

Trenutno odabrano:

Ýohanna 4: TukLat16

Istaknuto

Podijeli

Kopiraj

None

Želiš li svoje istaknute stihove spremiti na sve svoje uređaje? Prijavi se ili registriraj

Videozapis za Ýohanna 4