Luka 22
22
22‑nji bap
Ýudasyň haýynlygy
(Matta 26:1-5,14-16; Mark 14:1,2,10,11; Ýohanna 11:45-53)
1Ine, Pesah diýlip atlandyrylýan Petir baýramy ýakynlaşdy. 2Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar. 3Şeýtan Onkileriň biri bolan Ýudas Iskariýodyň kalbyna girdi. 4Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy. 5Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular. 6Ýudas olar bilen ylalaşdy we halk ýok wagty Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
Pesah nahary
(Matta 26:17-30; Mark 14:12-26; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
7Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramy ýetip geldi. 8Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi. 9Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 10Isa olara: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Yzyna düşüp gidiň-de, onuň giren öýüne giriň. 11Onsoň öý eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar“ diýiň. 12Ol hem size ýokarky gatda ähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 13Olar gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.
14Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçak başyna geçdi. 15Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejir çekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuw edipdim. 16Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharyny iýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdyp iýmerin» diýdi. 17Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň. 18Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygy gelýänçä, şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 19Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. 20Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. 21Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr. 22Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer, emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi. 23Olar muny kimiň etjekdigini biri-birlerinden sorap başladylar.
24Olar öz arasynda haýsy birisiniň iň beýikdigi hakda jedelleşdiler. 25Isa olara şeýle diýdi: «Keseki milletleriň patyşalary halklara öz hökümini ýöredýärler, ygtyýarly adamlary-da özlerini hemaýatkär diýip atlandyrýarlar. 26Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun. 27Haýsysy has uly: saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Emma Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin. 28Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz. 29Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin. 30Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
(Matta 26:31-35; Mark 14:27-31; Ýohanna 13:36-38)
31Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýaly sowurmak üçin diledi. 32Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi. 33Petrus: «Agam! Men Seniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar» diýdi. 34Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň, Meni tanamaýandygyňy üç gezek aýdarsyň» diýdi. 35Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz, torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. 36Isa olara: «Indi gapjygyňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, donuňyzy satyň-da, bir gylyç ediniň. 37#Işa 53:12.„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi. 38Şägirtler: «Eý, Agam! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Isa hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.
Isa Zeýtun dagynda Hudaýa dileg edýär
(Matta 26:36-46; Mark 14:32-42)
39 Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 40Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!» diýdi. 41Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp: 42«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy. 43Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi. 44Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy. 45Dileg edip bolandan soň turup, Isa şägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi, olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler. 46Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, Hudaýa dileg ediň!» diýdi.
Isa tutulýar
(Matta 26:47-58; Mark 14:43-54; Ýohanna 18:3-11)
47Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy. Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi. Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi. 48Isa oňa: «Eý, Ýudas! Sen bir ogşuk bilen Ynsan Ogluna haýynlyk edýärsiňmi?» diýip sorady. 49Isanyň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Eý, Agam! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler. 50Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi. 51Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy. 52Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara, ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 53Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz. Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýän sagadydyr» diýdi. 54Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.
Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:67-75; Mark 14:65-72; Ýohanna 18:15-18,25-27)
55Howlynyň ortasynda ot ýakyp otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda otyrdy. 56Petrusy oduň ýagtysyna gören bir keniz oňa içgin seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi. 57Emma Petrus: «Eý, zenan, men Ony tanamaýaryn» diýip inkär etdi. 58Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi. 59Aradan bir sagada golaý wagt geçensoň, başga bir adam: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen biledi, sebäbi bu jelileli» diýdi. 60Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. 61Reb Isa gaňrylyp, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady. 62Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady. 63Isany saklaýan adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar. 64Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar. 65Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.
Isa mejlisiň öňünde
(Matta 26:59-66; Mark 14:55-64; Ýohanna 18:19-24)
66Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler. 67Olar Isadan: «Bize aýt, Sen Mesihmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Aýtsam, ynanmarsyňyz; 68sorasam, jogap bermersiňiz. 69Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar» diýdi. 70Olaryň hemmesi: «Onda Sen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «Meniň Kimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi. 71Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz muny Onuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.
Sélection en cours:
Luka 22: TukLat16
Surbrillance
Partager
Copier
Tu souhaites voir tes moments forts enregistrés sur tous tes appareils? Inscris-toi ou connecte-toi
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016