YouVersion Logo
Search Icon

Mark 16

16
16-njy bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)
1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. 2Hepdäniň birinji güni#16:2 Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir. olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler. 3Olar biri-birlerine: «Mazaryň agzyndan daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. 4Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. 5Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler. 6Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri. 7Indi bolsa baryň-da, Onuň şägirtlerine we Petrusa: „Isa sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň» diýdi. 8Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:9,10; Ýohanna 20:11-18; Luka 24:13-35)
9 Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy. 10Merýem gidip, muny Isa bilen bolan, indi bolsa Oňa ýas tutup, aglaşyp oturan şägirtlerine habar berdi. 11Emma olar Isanyň diridigini we Merýeme görnendigini eşidenlerinde, muňa ynanmadylar. 12Şondan soň Isa oba tarap barýan iki şägirdine başga keşpde göründi. 13Ol ikisi hem yzlaryna öwrülip, muny beýlekilere habar berdiler, emma olar bulara-da ynanmadylar. 14Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.
Isa şägirtlerini bütin dünýä ýollaýar
(Matta 28:16-20; Luka 24:36-53; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-11)
15 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. 16Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. 17Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. 18Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar». 19Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy. 20Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.

Currently Selected:

Mark 16: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in