1
Mark 16:15
Mukaddes Kitap
Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.
Compare
Explore Mark 16:15
2
Mark 16:17-18
Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».
Explore Mark 16:17-18
3
Mark 16:16
Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.
Explore Mark 16:16
4
Mark 16:20
Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.
Explore Mark 16:20
5
Mark 16:6
Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.
Explore Mark 16:6
6
Mark 16:4-5
Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler.
Explore Mark 16:4-5
Home
Bible
Plans
Videos