YouVersion Logo
Search Icon

Mark 15

15
15‑nji bap
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-14; Luka 23:1-5; Ýohanna 18:28-38)
1Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar. 2Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 3Ýolbaşçy ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. 4Pilat ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar!» diýdi. 5Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilat geň galdy.
Isa ölüme höküm edilýär
(Matta 27:15-26; Luka 23:13-25; Ýohanna 18:39–19:16)
6 Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy. 7Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy. 8Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady. 9Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. 10Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 11Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 12Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. 13Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 14Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. 15Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Esgerler Isany masgaralaýarlar
(Matta 27:27-31; Ýohanna 19:2,3)
16Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 17Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler. 18«Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular. 19Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular. 20Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
21Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 22Olar Isany Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere eltdiler. 23Onsoň olar Isanyň agyrylaryny kemeltmek üçin, Oňa mür garylan şerap hödürlediler, emma Ol içmedi. 24Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. 25Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy. 26Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. 27Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.#15:27 Käbir golýazmalarda 28‑nji aýat duş gelýär: Şeýlelik bilen «Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy» diýen Mukaddes Ýazgy berjaý boldy. 29Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. 30Indi haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et!» diýýärdiler. 31Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary-da Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. 32Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
33Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 34#Zeb 21:2.Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 35Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Serediň, Ol Ylýasy çagyrýar» diýdiler. 36Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakyp, Isa içirjek bolup uzatdy-da: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony aşak düşürermikä?» diýdi. 37Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. 38Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. 39Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi. 40Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. 41Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)
42Ol gün Taýýarlyk günüdi, ýagny Sabadyň öň ýanyndaky gündi. Agşam 43mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi. 44Pilat Isanyň eýýäm ölendigine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady. 45Muny ýüzbaşydan anyklandan soň, jesedi Ýusuba berdi. 46Ýusup hem kepenlik mata satyn aldy, jesedi aşak düşürip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlady. Soňra ol mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy. 47Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.

Currently Selected:

Mark 15: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in