YouVersion Logo
Search Icon

Matta 5

5
5‑nji bap
Hakyky bagtyýarlyk
(Luka 6:20-23)
1 Isa üýşen mähelläni görüp, daga çykyp oturdy. Şägirtleri Onuň ýanyna geldiler, 2Isa hem olara öwretmäge başlady:
3«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
4Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
5Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.
6Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
7Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.
8Kalby päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.
9Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.
10Dogrulyk üçin yzarlanýanlar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
11Men sebäpli adamlaryň size sögen, yzarlan, nähak ýere her hili gybatyňyzy eden mahaly bagtlysyňyz! 12Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.
Duz we yşyk
(Mark 9:50; Luka 14:34,35)
13Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşary zyňlyp, aýak astynda depelenmekden başga hiç zada ýaramaz. 14Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz. 15Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir. 16Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Isa Töwrat hakynda söz açýar
17Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim. 18Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez. 19Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar. 20Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz.
Gahar we höküm
21 # Msr 20:13; Kan 5:17; 16:18. Siz ata-babalarymyza: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar“ diýlenini eşidensiňiz. 22Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan#5:22 Gaharlanan – käbir golýazmalarda hiç bir sebäpsiz gaharlanan. adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“#5:22 Raka – arameýçe bu söz boş kelle diýmegi aňladýar. diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar. 23Şonuň üçin gurbanlyk sypasynda sadaka bermäge barýarkaň, doganyňyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, 24sadakaňy sypanyň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen ýaraş. Soňra gelip, sadakaňy hödür et.
25Dawagäriň bilen entek ýoldakaň ýaraş, ýogsam ol seni kaza, kazy hem zyndan sakçysyna tabşyryp, zyndana düşmegiň ahmal. 26Saňa dogrusyny aýdýaryn, jerimäňi doly töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň.
Zynahorlyk
27 # Msr 20:14; Kan 5:18. Siz: „Zyna etme“ diýlenini hem eşidensiňiz. 28Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin. 29Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony sogrup taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha atylmagyndan gowudyr. 30Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Bir synaňyň ýok bolmagy tutuş göwräňiň dowzaha taşlanmagyndan gowudyr.
Talak
(Mark 10:11-12; Luka 16:18)
31 # Luk 16:18; Mar 10:11-12; Kan 24:1-4. Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir. 32Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir.
Ant içmek barada
33 # Lew 19:12; Çöl 30:2-3; Kan 23:21. Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz. 34Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr. 35Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir. 36Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiňiz. 37Siziň „hawaňyz“ hawa, „ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.
Göze – göz, dişe – diş
(Luka 6:29,30)
38 # Msr 21:24; Lew 24:20; Kan 19:21. Siz: „Göz ornuna göz, diş ornuna diş“ diýlenini eşidensiňiz. 39Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. 40Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. 41Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre. 42Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme.
Duşmanlaryňyzy söýüň
(Luka 6:27-28,32-36)
43 # Lew 19:18. Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. 44Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.#5:44 Käbir golýazmalarda Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, özüňizi ynjadýanlar, yzarlaýanlar üçin Hudaýa doga okaň diýen jümle hem bar. 45Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. 46Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme? 47Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme? 48Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň».

Currently Selected:

Matta 5: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in