Matta 4
4
4‑nji bap
Isa synalýar
(Mark 1:12,13; Luka 4:1-13)
1Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi. 2Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. 3Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly#4:3 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret. bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. 4#Kan 8:3.Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. 5Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: 6#Zeb 90:11-12.«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr:
„Ol perişdelerine Sen babatda emr eder.
Aýagyň daşa büdremez ýaly,
olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.
7 #
Kan 6:16. Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi.
8Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: 9«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. 10#Kan 6:13.Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.
11Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Isa Hoş Habary yglan etmäge başlaýar
(Mark 1:14,15; Luka 4:14,15)
12 Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidende, Jelilä dolandy. 13Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy. 14Şunlukda, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy:
15 #
Işa 9:1-2. «Eý, Zebulun we Naftaly ýurdy!
Deňiz ýakasyndaky ýol,
Iordanyň aňyrsy!
Eý, keseki milletleriň ýaşaýan Jelilesi!
16Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi,
tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».
17Şol wagtdan başlap, Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Şalygy golaýlady» diýip, wagyz etmäge başlady.
Isa ilkinji şägirtlerini saýlaýar
(Mark 1:16-20)
18 Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. 19Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. 20Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. 21Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. 22Olar hem dessine gaýyk bilen kakalary Zebedeýi taşlap, Isanyň yzyna düşdüler.
Isa hassalary sagaldýar
23 Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy. 24Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy. 25Jelileden, Dekapolisden#4:25 Dekapolis – Samariýa bilen Jeliläniň gündogarynda ýerleşen on şäheriň umumy ady. Sözlüge seret., Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.
Currently Selected:
Matta 4: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016