YouVersion Logo
Search Icon

Matta 24

24
24‑nji bap
Dünýäniň ahyrynyň alamatlary
(Mark 13:1-31; Luka 21:5-33)
1 Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ybadathananyň binalaryna guwanyp, ony Isa görkezmek üçin, Onuň ýanyna geldiler. 2Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3Soňrak Isa ýeke Özi Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňi we dünýäniň ahyryny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar. 4Isa olara şeýle jogap berdi: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 5Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men Mesih“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 6Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşidersiňiz. Hiç zatdan gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 7Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar#24:7 Käbir golýazmalarda açlyklar hem gyrgyn keseli. ýüze çykar. 8Bularyň hemmesi burgularyň başlangyjydyr. 9Soňra sizi yzarlanmalara sezewar ederler, öldürerler, Men sebäpli ähli milletler sizi ýigrenerler. 10Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler. 11Ençeme galp pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. 12Ýaman işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. 13Emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler. 15-16Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin. 17Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 18Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 19Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 20Gaça-gaçlygyňyz gyşda ýa-da Sabat güni bolmasyn diýip dileg ediň. 21Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 22Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, onda hiç kim halas bolmazdy, emma saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. 23Şonda biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 24Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, saýlananlary-da mümkin boldugyça azdyrjak bolup, beýik alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 25Ine, Men size öňünden aýtdym.
26Şeýlelikde, size: „Ine, Mesih çölde“ diýseler, gitmäň. „Ine, Ol içki otaglarda“ diýseler-de, ynanmaň. 27Ynsan Oglunyň gelşi gündogarda çakyp, günbatarda hem görünýän ýyldyrym ýaly bolar. 28Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler. 29Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 30Şonda gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner. Ýer ýüzündäki ähli halklar ýas tutup perýat ederler. Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, gögüň bulutlarynda gelýänini görerler. 31Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.
32Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 33Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 34Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 35Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Mark 13:32-37; Luka 17:26-30,34-35; 12:41-48)
36Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul#24:36 Ne-de Ogul – bu sözler käbir golýazmalarda ýok. bilýändir, diňe Ata bilýändir. 37#Gçk 6:5-8; 7:6-24.Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. 38Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar. 40Şonda ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 41Degirmen başynda bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, biri goýlar. 42Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. 43Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy. 44Munuň üçin siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler.
45Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? 46Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! 47Size dogrusyny aýdýaryn: hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 48Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, 49ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlar, 50emma ol hyzmatkäriň hojaýyny onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda geler. 51Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».

Currently Selected:

Matta 24: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in