Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Nuhuň gämä münen gününe çenli, silden öňki günlerde adamlar iýip-içýärdiler, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.