Matta 23
23
23‑nji bap
Waý halyňyza!
(Mark 12:38-40; Luka 11:39-52; 20:45-47)
1Soňra Isa halka we Öz şägirtlerine şeýle gürrüň berdi: 2«Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Musanyň ornunda otyrlar. 3Şonuň üçin olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetirip, berjaý ediň, emma olaryň edenlerini etmäň, sebäbi aýdýan zatlaryny özleri edýän däldirler. 4Olar agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýandyrlar, ýöne özleri bu ýükleri götermek üçin, barmagyny hem gymyldatmak isleýän däldirler. 5Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar. 6Toýlarda töri, sinagogalarda baş kürsüleri, 7bazarlarda salam almagy, adamlaryň özlerine „mugallym“ diýmeklerini halaýandyrlar. 8Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz. 9Ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň bir Ataňyz bardyr, Ol hem gökdedir. 10Özüňize „baştutan“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Baştutanyňyz bardyr, Ol hem Mesihdir. 11Araňyzda beýik saýylýan hemmäňize hyzmatkär bolsun. 12Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.
13Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.#23:13 Käbir golýazmalarda 14‑nji aýat duş gelýär: Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýarsyňyz. Şonuň üçin hem siz iň agyr jeza sezewar bolarsyňyz.
15Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz. 16Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz 17Eý, nadan körler! Haýsysy uly: altynmy ýa-da altyny mukaddes edýän ybadathana? 18Şeýle-de, siz: „Kim gurbanlyk sypasyndan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim onuň üstündäki sadakadan ant içse, öz antyny berjaý etmäge borçly bolar“ diýýärsiňiz. 19Eý, körler! Haýsysy uly: sadakamy ýa-da sadakany mukaddes edýän gurbanlyk sypasy? 20Gurbanlyk sypasyndan ant içýän, ondan hem, onuň üstündäki ähli zatdan hem ant içýändir. 21Ybadathanadan ant içýän, ondan hem, onda mekan tutan Hudaýdan hem ant içýändir. 22Gökden ant içýän, Hudaýyň tagtyndan hem, onda Oturandan hem ant içýändir.
23Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz narpyzdan, arpabadyýadan we zireden ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma Mukaddes Kanunyň has wajyp işlerini: adyllygy, rehimdarlygy, imany taşlaýarsyňyz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 24Eý, körleri idýänler! Siz suwy süzüp, çybyny aýyrýarsyňyz, emma düýäni ýuwudýarsyňyz! 25Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr. 26Eý, kör fariseý! Sen ilki bilen käsedir gap-çanagyň içini arassala, şonda olaryň daşy-da arassa bolar. 27Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz. 28Siz hem daşyňyzdan adamlara dogry adam ýaly görünýärsiňiz, emma içiňiz ikiýüzlülikden we pislikden doludyr.
29Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz pygamberleriň guburlaryny dikip we dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp: 30„Biz ata-babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsak, pygamberleriň ganyny dökmekde olara şärik bolmazdyk“ diýýärsiňiz. 31Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz. 32Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi!
33Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz? 34Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz. 35Şeýlelikde, ýer ýüzünde bigünä dökülen her bir dogry adamyň ganyna siz jogapkärsiňiz. Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda siziň öldüren Berekýanyň ogly Zekarýanyň ganyna çenli siz jogapkärsiňiz. 36Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir. 37Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz. 38Ine, öýüňiz haraba öwrüler. 39Size şuny aýdaýyn: „Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadan görmersiňiz».
Currently Selected:
Matta 23: TukLat16
Highlight
Share
Copy

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016