Matta 22
22
22‑nji bap
Gelin toý tymsaly
(Luka 14:15-24)
1 Isa olara ýene-de tymsallar arkaly gürrüň berdi: 2«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir. 3Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler. 4Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“ diýýär. 5Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär. 6Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler. 7Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.
8Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken. 9Köçelere çykyň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň“ diýýär. 10Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar. 11Patyşa myhmanlary görmäge girende, onuň toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär. 12Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar. 13Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „El-aýagyny daňyň-da, ony daşary, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar“ diýýär. 14Çünki çagyrylanlar köp, emma saýlananlar azdyr».
Imperatoryňky – imperatora
(Mark 12:13-17; Luka 20:20-26)
15Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler. 16Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň. 17Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar. 18Isa olaryň niýetleriniň ýamandygyny bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý, ikiýüzlüler? 19Maňa salgyt puluny görkeziň» diýdi. Olar Isa bir kümüş teňňe getirdiler. 20Isa olara: «Şu şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. 21Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 22Olar muny eşidenlerinde, haýran galdylar. Şeýdip, olar Isany taşlap, ol ýerden gitdiler.
Direliş barada sowal
(Mark 12:18-27; Luka 20:27-40)
23Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 24#Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr. 25Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy. 26Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy. 27Olaryň hemmesinden soň ol aýal hem öldi. 28Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 29Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz. 30Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 31Ölüleriň direlişi babatda bolsa, siz Hudaýyň özüňize: 32#Msr 3:6,15.„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr». 33Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
Iň uly tabşyryk
(Mark 12:28-34; Luka 10:25-28)
34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň agzyny ýumdurandygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar. 35Olardan bir Töwrat mugallymy Isany synamak üçin: 36«Mugallym, Töwratda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady. 37#Kan 6:5.Isa oňa şeýle jogap berdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz bilen jan-tenden söýüň. 38Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr. 39#Lew 19:18.Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. 40Tutuş Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».
Mesih kimiň ogly?
(Mark 12:35-37; Luka 20:41-44)
41 Fariseýler üýşüp durkalar, Isa olardan: 42«Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň ogly» diýip jogap berdiler. 43Isa olara şeýle diýdi: «Onda näme üçin Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, Mesihe Reb diýýär? Ol şeýle diýipdir:
44 #
Zeb 109:1. „Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
45Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» 46Isanyň soragyna hiç kim jogap berip bilmedi. Şol günden başlap, Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Currently Selected:
Matta 22: TukLat16
Highlight
Share
Copy

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016