Gelip çykyş 34
34
34‑nji bap
Dina bilen Şekem
1Leýanyň Ýakuba dogrup beren gyzy Dina ýerli halkyň gyzlaryny görmäge gitdi. 2Bu ýurduň begi, hiwilerden bolan Hamoryň ogly Şekem Dinany görüp, ony tutdy, zorlap, namysyna degdi. 3Şekem gyza ýürekden aşyk boldy. Ol gyzy söýdi we onuň göwnüni tapjak bolýardy. 4Şekem kakasy Hamora: «Şu gyzy maňa alyp ber» diýdi.
5Hamoryň oglunyň Dinany biabraý edendigini Ýakup eşitdi. Onuň ogullary bolsa meýdanda mallaryň üstündedi. Ýakup ogullary gelýänçä sesini çykarmady.
6-7Ýakubyň ogullarynyň meýdandan gaýdyp gelýän wagty, Şekemiň kakasy Hamor Ýakup bilen gepleşmek üçin onuň ýanyna gitdi. Oglanlar bu habary eşidip, gazap donuny geýdiler. Çünki Şekem Ýakubyň gyzy bilen ýatyp, ysraýyl halkyny ile ryswa edipdi. 8Hamor Ýakuba şeýle diýdi: «Meniň oglum Şekem siziň gyzyňyza ölemen aşyk. Gyzyňyzy meniň ogluma aýallyga beräýiň. 9Garyndaşlyk açalyň, gyz alşyp-berşeliň. 10Siz şu ýurtda biz bilen bile mesgen tutup, islän ýeriňizde ýaşap, söwda-satyk ediň we özüňize mülk ediniň». 11Soňra Şekem söze goşulyp, Dinanyň kakasyna we doganlaryna şeýle diýdi: «Maňa merhemet ediň, onsoň men size islän zadyňyzy bererin. 12Galyňmy, gymmatbaha serpaýlarmy, garaz, diliňiziň geplän zadyny men size bererin, maňa diňe şol gyzy aýallyga berseňiz bolýar». 13Emma Ýakubyň ogullary öz uýalary Dinany biabraý eden Şekeme we onuň kakasyna mekirlik bilen jogap berdiler. 14Olar şeýle diýdiler: «Uýamyzy sünnetsize bermeris. Bu biziň üçin namys bolar. 15Diňe şu şert bilen ylalaşarys: siziň ähli erkekleriňiz biziň ýaly sünnetlensin. 16Şeýtseňiz, onda biz siziň bilen gyz alşyp-berişmäge-de, siz bilen bile bir ýerde mekan tutmaga-da, bir halk bolmaga-da taýýardyrys. 17Eger-de siz biziň sözümize gulak asyp, sünnetlenmeseňiz, onda gyzymyzy alyp gideris».
18Bu şert Hamor bilen onuň ogly Şekeme ýarady. 19Şekem bu işi eglemedi, çünki ol Ýakubyň gyzyny söýýärdi. Şekem maşgalada iň hormatlanýanydy. 20Hamor bilen Şekem ikisi gala derwezesindäki duşuşyk geçirilýän ýere gelip, halka şeýle ýüzlendiler: 21«Ol adamlar biziň dostlarymyzdyr. Goý, olar şu ýurtda mesgen tutup, söwda-satyk etsinler. Ýurdumyz giň ahyryn, ol bize-de, olara-da ýeter. Olar bilen gyz alşyp-berşeliň. 22Bu adamlar diňe şu şert bilen – biziň ähli erkeklerimiziň özleri ýaly sünnetlenmek şerti bilen biziň aramyzda ýaşap, biziň bilen bir halk bolmaga razylaşarlar. 23Olar bilen razylaşalyň, goý, olar biziň bilen bile otursynlar. Onsoň olaryň ähli mallary we mal-mülkleri biziňki bolar!» 24Hamor bilen onuň ogly Şekemiň sözüni kabul edip, galanyň ähli erkekleri sünnetlendiler.
25Üç gün geçipdi. Erkekler heniz sünnetiň yzasyny çekýärdiler. Ýakubyň iki ogly, Dinanyň agalary Şimgon bilen Lewi gala duýdansyz hüjüm edip, ol ýerdäki erkekleriň ählisini uçdantutma gylyçdan geçirdiler. 26Hamor bilen onuň ogly Şekemi-de öldürip, Dinany Şekemiň öýünden alyp gaýtdylar. 27Ýakubyň beýleki ogullary öldürilenleriň ýanyna geldiler we öz uýalarynyň biabraý edilendigi üçin galany taladylar. 28-29Olar ownukly-irili mallary, eşekleri, galanyň içindäki hem meýdandaky ähli zatlary we olaryň ähli baýlyklaryny olja aldylar; aýallaryny we oglan-uşaklaryny ýesir aldylar we öýlerindäki bar zatlary taladylar. 30Ýakup Şimgon bilen Lewä: «Siz bu ýurduň ilaty bolan kenganlardyr perizleri maňa duşman edip, başymy bela sokduňyz. Biz azlyk edýändiris. Olar bize garşy baş göterip, meni bütin hojalygym bilen bilelikde gyrgyna bererler» diýdi. 31Ogullary Ýakuba: «Uýamyza loly hökmünde garalmagyna ýol berip bolmaz ahyryn» diýdiler.
Currently Selected:
Gelip çykyş 34: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016