YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 35

35
35‑nji bap
Hudaý Beýtelde Ýakuba pata berýär
1Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi. 2Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň. 3Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi. 4Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady. 6Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi. 7Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, sebäbi Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, Hudaý Özüni şol ýerde oňa aýan edipdi. 8Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut#35:8 Alon-bakut – bu söz agyly dub agajy diýmegi aňladýar. diýlip atlandyryldy.
9 Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Özüni Ýakuba ýene-de aýan edip, oňa pata berdi. 10Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy. 11Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. 12Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi. 13Soňra Hudaý Ýakup bilen sözleşen ýerinden ýokary göterilip gitdi. 14Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny guýdy. 15Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel#35:15 Beýtel – bu söz Hudaýyň öýi diýmegi aňladýar. diýip atlandyrdy.
Raheliň ölümi
16Olar Beýtelden ugradylar. Efrat welaýatyna ýetmäge sanlyja menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursady gelip, ony agyr burgy tutup ugrady. 17Agyr burgy tutýarka, göbegene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi. 18Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony#35:18 Benony – bu söz hasratymda doglan ogul diýmegi aňladýar. diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin#35:18 Benýamin – bu söz oglum – sag elim diýmegi aňladýar. goýdy. 19Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy. 20Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.) 21Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi. 22-23Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi.
Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun; 24onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin; 25onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly; 26onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat we Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
Yshagyň ölümi
27 Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi. 28Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi. 29Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.

Currently Selected:

Gelip çykyş 35: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in