የYouVersion አርማ
የፍለጋ አዶ

Gelip çykyş 37

37
37‑nji bap
Ýusup we onuň doganlary
1 Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy. 2Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir.
On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy. 3Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don#37:3 Üýtgeşik don – ýa-da dürli reňkli don ýa-da uzyn ýeňli don. tikipdi. 4Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.
5Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler. 6Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm. 7Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler». 8Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
9 Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi. 10Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň – hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi. 11Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
12-13Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi. 14Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy.
Ýusup Şekeme geldi. 15Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady. 16Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi. 17Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
18Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar. 19Olar biri-birlerine: «Hanha, düýş görüji gelýär. 20Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýularyň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
21Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy. 22Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi. 23-24Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki üýtgeşik donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.
25Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar. 26Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlygymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?! 27Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar. 28Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara#37:28 Ysmaýyllara – bu midýanlaryň beýleki ady. satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. 29Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
30Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi. 31Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar. 32Olar Ýusubyň üýtgeşik donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler. 33Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady. 34Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy. 35Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen ölüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi. 36Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.

Currently Selected:

Gelip çykyş 37: TukLat16

ማድመቅ

Share

Copy

None

ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ