1
Gelip çykyş 37:5
Mukaddes Kitap
Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.
አወዳድር
{{ጥቅስ}} ያስሱ
2
Gelip çykyş 37:3
Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don tikipdi.
3
Gelip çykyş 37:4
Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.
4
Gelip çykyş 37:9
Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.
5
Gelip çykyş 37:11
Şeýdip, doganlary Ýusuba göriplik edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
6
Gelip çykyş 37:6-7
Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm. Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler».
7
Gelip çykyş 37:20
Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýularyň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
8
Gelip çykyş 37:28
Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
9
Gelip çykyş 37:19
Olar biri-birlerine: «Hanha, düýş görüji gelýär.
10
Gelip çykyş 37:18
Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.
11
Gelip çykyş 37:22
Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi.
Home
Bible
Plans
Videos