Gelip çykyş 25
25
25‑nji bap
Ybraýymyň ölümi
1 Ybraýym ýene-de Ketura atly bir aýala öýlendi. 2Ketura Ybraýyma Zimrany, Ýokşany, Medany, Midýany, Ýişbaky we Şuwany dogrup berdi. 3Ýokşandan Şeba we Dedan doguldy. Dedandan aşurlar, latuşlar we lagumlar döredi. 4Midýanyň ogullary: Eýpa, Eper, Hanok, Abyda we Eldaga. Bularyň hemmesi Keturanyň nesilleridi.
5 Ybraýym özüniň ähli emlägini Yshaga berdi. 6Gyrnak aýallaryndan bolan ogullaryna bolsa Ybraýym özi dirikä sowgatlar berip, olary Yshakdan aýryp, gündogar topragyna iberdi.
7-8Ybraýym ýüz ýetmiş bäş ýyl ömür sürüp, garrap, öz durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 9-10Ogullary Yshak bilen Ysmaýyl Ybraýymy Makpela gowagynda, het Soharyň ogly Epronyň mülkünde, Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Ybraýymyň hetlerden satyn alan ýerinde jaýladylar. Şunlukda, Ybraýym bilen onuň aýaly Sara ikisi-de şol ýerde jaýlandy. 11Ybraýym ölenden soň Hudaý onuň ogly Yshagy ýalkady. Yshak Beýer-lahaýroýyň golaýynda düşledi.
Ysmaýylyň nesilleri
12 Ybraýymyň aýaly Saranyň Hajar atly müsürli gyrnagy bardy. Ybraýymyň bu gyrnak aýalyndan bolan ogly Ysmaýylyň nesilleri şulardyr. 13-15Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema. 16Şular Ysmaýylyň nesilleriniň obalaryna we düşelgelerine görä atlarydyr. Olar on iki tirebaşydyrlar. 17Ysmaýyl ýüz otuz ýedi ýyl ömür sürüp, dünýäden ötdi we ata-babalaryna gowuşdy. 18Ysmaýylyň nesilleri Aşur tarapda, Müsüriň golaýynda, Hawyladan Şura çenli bolan aralykda ýaşadylar. Olar Ybraýymyň beýleki nesillerinden aýra ýaşadylar.
Ysaw we Ýakup
19 Ybraýymyň ogly Yshagyň nesilleri şulardyr. 20Yshak Rebeka öýlenende, ol kyrk ýaşyndady. Rebeka Padanaramdaky mesopotamiýaly Betuweliň gyzy, mesopotamiýaly Labanyň aýal doganydy. 21Rebekadan perzent önmeýärdi. Yshak aýaly üçin Rebbe dileg etdi. Reb Yshagyň dilegini eşitdi we Rebeka göwreli boldy.
22Göwredäki ekiz çaga biri-biri bilen itekleşýärdi. Rebeka: «Näme üçin bu ejir meniň başyma düşdi?» diýip, Rebden sorady.
23Reb oňa şeýle jogap berdi:
«Göwräňde iki millet bar,
senden iki bäsdeş halk dörär.
Biri beýlekisinden rüstem çykar,
ulusy kiçisine gul bolar».
24Wagty dolup, Rebeka ekiz ogul dogurdy. 25Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw#25:25 Ýewreýçe Ysaw we tüýlek sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. diýip at goýdular. 26Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup#25:26 Ýewreýçe Ýakup we ökjesinden ýapyşýar sözleriň aýdylyşy meňzeşdir. Bu jümle ol aldaýar diýmegi hem aňladýar. Seret: Gçk 27:36. dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.
27Oglanlar ulalyp, Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş hem öýdeçi adam bolup ýetişdi. 28Yshak Ysawy söýýärdi, çünki Yshak onuň getirýän aw etlerini halaýardy. Rebeka bolsa Ýakuby söýýärdi.
29Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi. 30Ol Ýakuba: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm» diýdi. (Şol sebäpden hem oňa Edom#25:30 Ýewreýçe Edom we gyzyl sözleriniň aýdylyşy meňzeşdir. diýip at dakdylar.) 31Ýakup oňa: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýdi. 32Ysaw: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýdi. 33Ýakup oňa: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw ant içip, öz nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy. 34Ýakup Ysawa nan hem gyzyl merjimek çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady.
Currently Selected:
Gelip çykyş 25: TukLat16
ማድመቅ
Share
Copy
ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016