የYouVersion አርማ
የፍለጋ አዶ

Gelip çykyş 24

24
24‑nji bap
Yshak we Rebeka
1 Ybraýym juda garrapdy. Reb ony ähli zatda ýalkapdy. 2-3Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç. 4Meniň dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň arasyna git-de, oglum Yshaga gelinligi şol ýerden tapyp getir». 5Hyzmatkär Ybraýymdan: «Eger-de gyz meniň bilen bile bu ýere gelmek islemese, onda seniň ogluňy çykyp gaýdan dogduk mekanyňa alyp gideýinmi?» diýip sorady. 6Ybraýym oňa şeýle diýdi: «Oglumy ol ýere äkidäýme. 7Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň. 8Eger ol gyz seniň bilen gaýtmak islemese, onda sen içen antyňdan azat bolarsyň. Ýöne hergiz oglumy ol ýere äkidäýmegin». 9Hyzmatkär elini Ybraýymyň uýlugynyň astynda goýup ant içdi.
10Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi. 11Ol gala baryp ýetdi we onuň daşyndaky guýynyň başynda düýelerini çökerdi; agşam çaglarydy, galanyň gyz-gelinleriniň suw almaga çykýan wagtlarydy. 12Soňra ol şeýle dileg etdi: «Eý, meniň jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Jenabym Ybraýyma merhemet et-de, meniň işimi oň et. 13Ine, men guýynyň başynda durun. Galanyň gyzlary guýudan suw çekmäge gelýärler. 14Men bir gyza: „Küýzäňi egniňden düşür-de, maňa birazajyk suw bersene, içeýin-le“ diýerin. Eger ol gyz maňa: „Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn“ diýse, ol Seniň guluň Yshak üçin saýlan gyzyň bolar. Şonda men Seniň jenabyma merhemet edendigiňi bilerin».
15 Ybraýymyň hyzmatkäri heniz dileg edip otyrka, Rebeka egni küýzeli galadan çykyp gelýärdi. Ol Ybraýymyň inisi Nahor we onuň aýaly Milkanyň ogly Betuweliň gyzydy. 16Ol heniz erkek eli degmedik görmegeý, boý gyzdy. Rebeka aşak guýa inip, küýzesini suwdan doldurdy-da, yzyna dolandy. 17Hyzmatkär ylgap, onuň öňünden çykyp: «Küýzäňdäki suwdan birazajyk içeýin-le» diýdi. 18Ol: «Içiň, meniň jenabym» diýdi-de, dessine küýzesini egninden düşürip, oňa suw berdi. 19Rebeka Ybraýymyň hyzmatkärine suw bereninden soň: «Men siziň düýeleriňizi-de ganýança suwa ýakaryn» diýdi. 20Ol dessine küýzesindäki suwy nowa guýdy-da, suw çekmek üçin guýa tarap ylgady. Ol onuň düýeleriniň ählisi üçin guýudan suw çekdi. 21Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýoluny Rebbiň açandygyny ýa-da açmandygyny biljek bolup, sesini çykarman gyzy synlap durdy. 22Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi. 23Soňra ol gyzdan: «Sen kimiň gyzy? Ataň öýünde maňa we meniň ýoldaşlaryma gijäni geçirer ýaly ýer tapylmazmyka?» diýip sorady. 24Gyz oňa: «Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn. 25Bizde saman-da, ot-da köp, ýatar ýaly ýer hem bar» diýip jogap berdi. 26Ybraýymyň hyzmatkäri baş egip, Rebbe sežde etdi. 27Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi. 28Gyz öýlerine bakan ylgady we baryp, öýündäkilere bolan wakany gürrüň berdi. 29-30Rebekanyň Laban diýen erkek dogany bardy. Laban öz gyz dogany Rebekanyň burun halkasyny, bilegindäki bileziklerini görüp, Rebekadan ol adamyň nämeler diýenini eşidip, guýa tarap ylgady. Ol guýynyň başyna gelende, ýaňky adam heniz hem düýeleriniň ýanynda durdy. 31Laban: «Näme üçin bu ýerde dursuň? Ýör, öýe gideli, eý, Rebbiň ýalkany, ýör öýe gideli. Men seniň üçin jaý, düýeleriň üçin hem ýer taýynladym» diýdi. 32Şeýdip, Ybraýymyň hyzmatkäri içeri girdi. Laban düýeleriň ýüküni düşürip, olaryň öňüne samandyr ot dökdi. Ol Ybraýymyň hyzmatkärine we onuň ýoldaşlaryna aýaklaryny ýuwarlary ýaly suw getirip berdi. 33Onuň öňüne nahar goýuldy, ýöne ol adam: «Habarymy alýançaňyz, naharlanjak däl» diýdi. Laban oňa: «Beýle bolsa, habaryňy beräý» diýdi.
34 Ybraýymyň hyzmatkäri şeýle diýdi: «Men Ybraýymyň hyzmatkäridirin. 35Reb meniň jenabyma köp bereket berdi. Ol meniň jenabymy baýadyp, oňa ownukly-irili mallar, altyn-kümüş, gul-gyrnaklar hem-de düýelerdir eşekler berdi. 36Jenabymyň aýaly Sara garrandan soň, ol Ybraýyma ogul dogrup berdi. Ybraýym ähli emlägini ogluna berdi. 37-38Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi. 39Men jenabyma: „Tapan gyzym meniň bilen gaýtmasa nädeýin?“ diýdim. 40Jenabym: „Nazarynda gezýän Rebbim Öz perişdesini seniň öňüňden iberip, işiňi oň eder. Şeýdip, sen meniň dogduk mekanymdan, garyndaşlarymyň arasyndan ogluma gelinlik taparsyň. 41Meniň garyndaşlarymyň arasyna baranyňda, şonda sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň; hatda olar saňa gyz bermeseler-de, sen maňa içen antyňdan azat bolarsyň“ diýdi. 42Ine, şeýdip, men guýynyň başyna gelip, şeýle dileg etdim: „Eý, jenabym Ybraýymyň Hudaýy Reb! Sen meniň işimi oň et. 43-44Ine, men guýynyň başynda durun. Guýudan suw çekmäge gelen gyzlardan birine: ‘Küýzäňdäki suwdan birazajyk içäýeýin’ diýenimde, ol maňa: ‘Al, iç, men seniň düýeleriňi-de suwa ýakaýyn’ diýse, goý, ol meniň jenabymyň ogly üçin saýlan gyzyň bolsun“ diýdim. 45Men heniz içimden edýän dilegimi soňlamankam, Rebeka egni küýzeli galadan suw almaga çykyp gelýärdi. Ol guýa baryp, ondan suw çekdi. Men oňa: „Maňa suw bersene“ diýdim. 46Ol dessine küýzesini egninden düşürdi-de: „Al, iç. Men siziň düýeleriňizi-de suwa ýakaýyn“ diýdi. Şeýdip, men suw içdim, ol düýeleri-de suwa ýakdy. 47Men ondan: „Sen kimiň gyzy?“ diýip soradym. Ol: „Men Nahoryň we Milkanyň ogly Betuweliň gyzydyryn“ diýip jogap berdi. Men oňa burun halkasy bilen bilezik berdim. 48Soňra men baş egip, Rebbe sežde etdim. Yshak üçin jenabymyň garyndaşynyň gyzyny almaga göni ýol görkezen jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbi alkyşladym. 49Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin». 50Laban bilen Betuwel oňa şeýle jogap berdiler: «Bu Rebbiň işidir. Muny biz çözýän däldiris. 51Rebeka şu ýerde, ony al-da gidiber. Goý, ol Rebbiň aýdyşy ýaly, seniň jenabyňyň ogluna aýal bolsun». 52Ybraýymyň hyzmatkäri bu sözleri eşidende, dyza çöküp, Rebbe sežde etdi. 53Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi. 54Soňra Ybraýymyň hyzmatkäri öz ýanyndaky adamlar bilen iýip-içdi we olar gijäni şol ýerde geçirdiler. Irden turanlaryndan soň ol: «Indi meni ýola salyň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 55Emma gyzyň ejesi bilen dogany: «Goý, Rebeka hiç bolmasa on gün ýanymyzda bolsun, onsoň gidibersin» diýdiler. 56Ybraýymyň hyzmatkäri bulara: «Reb meniň işimi oň etdi. Siz meni eglemäň; maňa rugsat beriň, men öz jenabymyň ýanyna dolanaýyn» diýdi. 57Olar: «Gyzy çagyryp, onuň özünden sorap göreliň» diýdiler. 58Olar Rebekany çagyryp, ondan: «Sen şu adam bilen gitjekmi?» diýip soradylar. Rebeka: «Hawa, gitjek» diýip jogap berdi. 59Şunlukda, olar uýasy Rebekany, onuň enekesini, Ybraýymyň hyzmatkäri bilen onuň adamlaryny ugratdylar. 60Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler:
«Eý, uýamyz!
Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin;
Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!»
61Rebeka bilen onuň gyrnaklary düýelere münüp, Ybraýymyň hyzmatkäriniň yzyna düşdüler. Ybraýymyň hyzmatkäri Rebekany alyp, ýola rowana boldy. 62Bu wagt Yshak Beýer-lahaýroýdan gaýdyp gelip, Negep çöllüginde düşläpdi. 63Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi. 64-65Rebeka Yshagy görüp, düýeden düşdi we Ybraýymyň hyzmatkärinden: «Biziň öňümizden gelýän adam kim?» diýip sorady. Hyzmatkär: «Ol meniň jenabym» diýip jogap berdi. Rebeka bürenjegini alyp, ýüzüni büredi. 66Hyzmatkär başdan geçirenleriniň baryny Yshaga gürrüň berdi. 67Yshak Rebekany ejesi Saranyň ýaşan çadyryna alyp bardy. Yshak Rebeka öýlendi we ony söýdi. Şeýdip, Yshak ejesiniň ölümi üçin çekýän hasratyndan köşeşdi.

Currently Selected:

Gelip çykyş 24: TukLat16

ማድመቅ

Share

Copy

None

ያደመቋቸው ምንባቦች በሁሉም መሣሪያዎችዎ ላይ እንዲቀመጡ ይፈልጋሉ? ይመዝገቡ ወይም ይግቡ