Luka 3
3
3‑nji bap
Ýahýa çümdürijiniň wagzy
(Matta 3:1-12; Mark 1:1-8; Ýohanna 1:19-28)
1 Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy. 2Hanan bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda Zekarýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi aýan boldy. Ol çölde ýaşaýardy. 3Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. 4#Işa 40:3-5.Işaýa pygamber bu barada öz kitabynda şeýle ýazypdy:
«Çölde bir ses gygyrýar:
„Rebbe ýol taýynlaň!
Onuň ýodalaryny düzläň!
5Ähli dereler doldurylar,
ähli dag-depeler peseldiler,
egrem-bugram ýollar dogrulanar,
büdür-südür ýodalar tekizlener.
6Şonda ähli ynsanlar Hudaýyň halas edişini görerler“».
7Bir uly mähelle suwa çümdürilmek üçin, Ýahýanyň ýanyna geldi. Ýahýa olara şeýle ýüzlendi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? 8Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir. 9Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».
10Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady. 11Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi. 12Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 13Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi. 14Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
15Halk Mesihe umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy. 16Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. 17Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi. 18Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.
19Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy. 20Ol Ýahýany zyndana salmak bilen öňki eden ähli pislikleriniň üstüne ýene bir pislik goşdy.
Isa suwa çümdürilýär
(Matta 3:13-17; Mark 1:9-11)
21Ähli halk suwa çümdürilip çykarylandan soň, Isa-da çümdürilip çykaryldy. Ol Hudaýa doga edýärkä, gökler açylyp, 22Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.
Isanyň nesil daragty
(Matta 1:1-17)
23 Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady. Ol Ýusubyň ogly hasaplanýardy. Ýusup Eliýiň ogly, 24Eliý Mattadyň, Mattat Lewiniň, Lewi Melkiniň, Melki Ýannaýyň, Ýannaý Ýusubyň, 25Ýusup Mattatýanyň, Mattatýa Amosyň, Amos Nahumyň, Nahum Esliniň, Esli Nagaýyň, 26Nagaý Mahadyň, Mahat Mattatýanyň, Mattatýa Şimiýiň, Şimiý Ýosehiň, Ýoseh Ýodanyň, 27Ýoda Ýohananyň, Ýohanan Resanyň, Resa Zerubabylyň, Zerubabyl Şeýaltyýeliň, Şeýaltyýel Neriniň, 28Neri Melkiniň, Melki Addynyň, Addy Kosamyň, Kosam Elmadamyň, Elmadam Eriň, 29Er Ýeşuwanyň, Ýeşuwa Eligezeriň, Eligezer Ýorymyň, Ýorym Mattatyň, Mattat Lewiniň, 30Lewi Şimgonyň, Şimgon Ýahudanyň, Ýahuda Ýusubyň, Ýusup Ýonamyň, Ýonam Elýakymyň, 31Elýakym Meleýanyň, Meleýa Mennanyň, Menna Mattatanyň, Mattata Natanyň, Natan Dawudyň, 32Dawut Ýyşaýyň, Ýyşaý Obediň, Obet Bowazyň, Bowaz Salanyň#3:32 Sala – bu at Köne Ähtde Salmon diýip duş gelýär. , Sala Nahşonyň, 33Nahşon Eminadabyň, Eminadap Admynyň, Admyn Arnynyň, Arny Hesronyň, Hesron Peresiň, Peres Ýahudanyň, 34Ýahudyýa Ýakubyň, Ýakup Yshagyň, Yshak Ybraýymyň, Ybraýym Teranyň, Tera Nahoryň, 35Nahor Serugyň, Seruk Reguwyň, Reguw Pelegiň, Pelek Eberiň, Eber Şelanyň, 36Şela Keýnanyň, Keýnan Arpakşadyň, Arpakşat Samyň, Sam Nuhuň, Nuh Lemegiň, 37Lemek Metuşelanyň, Metuşela Hanogyň, Hanok Ýerediň, Ýeret Mahalaleliň, Mahalalel Keýnanyň, 38Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.
Айни замон обунашуда:
Luka 3: TukLat16
Лаҳзаҳои махсус
Паҳн кунед
Нусха
![None](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fimageproxy.youversionapi.com%2F58%2Fhttps%3A%2F%2Fweb-assets.youversion.com%2Fapp-icons%2Ftg.png&w=128&q=75)
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016