Ýohanna 3

3
3‑nji bap
Isa bilen Nikodim
1 Fariseýleriň arasynda Nikodim atly bir adam bardy, ol ýahudylaryň mejlisiniň bir agzasydy. 2Ol bir gün gije Isanyň ýanyna gelip: «Ýa Rabbi, biz seniň Hudaýdan gelen bir mugallymdygyňy bilýäris. Çünki Hudaýyň Özi seniň bilen bolmadyk bolsa, beýle gudratly alamatlary görkezip bilmezdiň» diýdi. 3Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk#3:3 Gaýtadan dogulmadyk – 3‑nji we 7‑nji aýatlarda gaýtadan dogulmadyk diýen sözler ýokardan dogulmadyk diýen manyda hem gelýär. adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi. 4Nikodim Oňa: «Garran adam nädip gaýtadan doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip, täzeden doglup bilmez ahyry!» diýdi. 5Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez. 6Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur. 7Saňa gaýtadan dogulmalysyň diýýänime geň galma. 8Ýel islän tarapyna öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Mukaddes Ruhdan doglanlar hem şeýledir». 9Nikodim Ondan: «Bu nähili beýle bolup bilýär?» diýip sorady. 10Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?! 11Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz. 12Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarkaňyz? 13Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen#3:13 Käbir golýazmalarda gökden inen we gökde bolan. Ynsan Ogly çykandyr. 14#Çöl 21:9.Musanyň çölde ýylany ýokary göterişi ýaly, Ynsan Ogly-da ýokary göterilmelidir. 15Şoňa görä Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar#3:15 Oňa iman eden her bir adam baky ýaşaýşa gowşar – käbir golýazmalarda Oňa iman eden her bir adam heläk bolman, eýsem baky ýaşaýşa eýe bolar. ».
16Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi. 17Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. 18Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi. 19Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy. 20Ýamanlyk edýän adam Nury ýigrenýändir, öz edýän pislikleriniň äşgär bolmagyndan gorkup, Nura ýakynlaşýan däldir. 21Emma hak iş edýän adam Nura ýakynlaşýar. Şeýdip, onuň işleriniň Hudaýyň haky üçin edilýändigi äşgär bolýar.
Ýahýanyň Isa baradaky şaýatlygy
22Şundan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudyýa etrabyna gitdi. Isa olar bilen birnäçe wagtlap şol ýerde galdy we ol ýerde adamlary suwa çümdürdi. 23Şol wagt Salimiň golaýyndaky Enonda bolsa halk Ýahýa tarapyndan çümdürilýärdi. Ol ýerde suw köpdi we çümdürilmek üçin ol ýere gelýän adamlaryň yzy üzülenokdy. 24Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi.
25Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň#3:25 Bir ýahudynyň – käbir golýazmalarda käbir ýahudylaryň. arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy. 26Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler. 27Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Gökden berilmese, ynsan hiç zat edip bilmez. 28„Men Mesih däl, men diňe Onuň öňünden iberildim“ diýenime siziň özüňiz şaýatsyňyz. 29Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy. 30Ol beýgelmelidir, men peselmelidirin.
31Ýokardan gelen hemmeden ýokarydyr. Ýerden bolan ýeriňkidir, ýerdäki zatlar barada gepleýändir. Gökden gelen hemmeden üstündir. 32Ol görenine, eşidenine şaýatlyk edýär, ýöne Onuň şaýatlygyny hiç kim kabul etmeýär. 33Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr. 34Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär. 35Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr. 36Ogla iman edýän adam baky ýaşaýşa eýe bolýar, emma Ogly ret eden adam baky ýaşaýşa gowuşmaz, ol Hudaýyň gazabyna duçar bolýar».

Айни замон обунашуда:

Ýohanna 3: TukLat16

Лаҳзаҳои махсус

Паҳн кунед

Нусха

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in