Luka 20
20
20‑nji bap
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Matta 21:23-27; Mark 11:27-33)
1Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler. 2Olar Isa: «Hany, bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler. 3Isa hem: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa aýdyň, 4Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýip sorady. 5Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 6Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar». 7Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogap berdiler. 8Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Mark 12:1-12)
9Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär. 10Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär. Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler. 11Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler ony-da ýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler. 12Ol üçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, kowup goýberýärler. 13Onsoň üzümçiligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“ öýdýär. 14Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özara maslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler. 15Şeýlelikde, ony üzümçilikden çykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara näme eder? 16Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi. 17#Zeb 117:22.Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme? 18#Işa 8:14-15.Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi. 19Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Mark 12:13-17)
20 Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy. 21Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris. 22Hany aýt, biziň imperatora salgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýip soradylar. 23Isa olaryň hilesine düşünip: 24«Maňa salgyt puluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 25Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. 26Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Mark 12:18-27)
27Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdi: 28#Kan 25:5-6.«Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 29Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, perzent görmän dünýäden ötdi. 30Ikinjisi bilen 31üçünjisi hem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip, yzlarynda perzent galdyrman öldüler. 32Ahyrsoňy aýal hem öldi. 33Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 34Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, durmuşa çykýandyr. 35Emma geljek döwre we ölümden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de durmuşa çykar. 36Asla ölmezler, sebäbi olar perişdeler ýalydyr. Olar direlişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyň perzentleridir. 37#Msr 3:6.Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar. 38Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçin hemmeler diridir». 39Töwrat mugallymlaryň käbiri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdi. 40Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Mesih Kimiň Ogly?
(Matta 22:41–23:36; Mark 12:35-40)
41Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler? 42#Zeb 109:1.Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär:
„Hudaý Rebbime#20:42 Reb – Zeburda bu söz reb bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa Reb Mesihe degişli. şeýle sözledi:
43Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur“.
44Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» diýdi. 45Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine: 46«Töwrat mugallymlaryndan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar. 47Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.
Sélection en cours:
Luka 20: TukLat16
Surbrillance
Partager
Copier
Tu souhaites voir tes moments forts enregistrés sur tous tes appareils? Inscris-toi ou connecte-toi
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016