Gelip çykyş 12
12
12‑nji bap
Reb Ybramy saýlaýar
1 Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.
2Senden beýik millet ýaradyp,
Men seni ýalkaryn,
adyňy arşa götererin,
başgalar sen arkaly ýalkanarlar
biri-birlerine pata bererler.
3Seni ýalkany ýalkaryn,
seni näletläni-de näletlärin;
Ýer ýüzündäki ähli milletler
sen arkaly pata alarlar».
4 Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady. 5Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler. 6Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.
7Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. 8Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. 9Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.
Ybram bilen Seraý Müsürde
10 Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä, açlyk gutarýança, Ybram wagtlaýyn Müsüre gitdi. 11Olar Müsüre golaýlanlarynda, Ybram aýaly Seraýa: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin. 12Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar. 13Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly, sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.
14 Ybram Müsüre gelende, müsürliler Seraýyň juda owadandygyny gördüler. 15Seraýy gören faraonyň köşk emeldarlary faraona Seraýyň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi. 16Seraýyň hatyrasyna faraon Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi. 17Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi. 18Şonda faraon Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Seraýyň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň? 19Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Seraýy özüme aýallyga aldym-a! Ine, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi. 20Faraon Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar.
Sélection en cours:
Gelip çykyş 12: TukLat16
Surbrillance
Partager
Copier
Tu souhaites voir tes moments forts enregistrés sur tous tes appareils? Inscris-toi ou connecte-toi
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016