1
Luka 14:26
Mukaddes Kitap
«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
Comparer
Explorer Luka 14:26
2
Luka 14:27
Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
Explorer Luka 14:27
3
Luka 14:11
Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».
Explorer Luka 14:11
4
Luka 14:33
Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
Explorer Luka 14:33
5
Luka 14:28-30
Aýdaly, araňyzdan biri minara gurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyň ýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy? Sebäbi minaranyň binýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriň hemmesi oňa güler. Olar: „Bu adam muny gurmaga başlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler.
Explorer Luka 14:28-30
6
Luka 14:13-14
Meýlis guranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr. Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolup bilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň direlen wagty berler» diýdi.
Explorer Luka 14:13-14
7
Luka 14:34-35
Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, onda oňa nädip tagam berler? Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
Explorer Luka 14:34-35
Accueil
Bible
Plans
Vidéos