YouVersion Logo
Search Icon

Mark 10

10
10-njy bap
Aýrylyşmak hakynda
(Matta 19:1-12; Luka 16:18)
1 Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy. 2Birnäçe fariseý gelip, Ony synamak üçin: «Bir adamyň aýaly bilen aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip sorady. 3«Musa size nähili buýruk berdi?» diýip, Isa olaryň özlerinden sorady. 4Olar: «Musa talak haty esasynda aýrylyşmaga ygtyýar beripdi» diýdiler. 5Isa olara: «Musa size doňýürekdigiňiz üçin bu buýrugy ýazdy. 6#Gçk 1:27.Aslynda Hudaý ýaradylyşyň başynda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy. 7-8#Gçk 2:24.Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. 9Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
10Öýe gelenlerinde, şägirtleri bu barada Ondan ýene soradylar. 11Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir. 12Aýal hem ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, öz ärine garşy zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Isa çagalara pata berýär
(Matta 19:13-15; Luka 18:15-17)
13Başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler, emma şägirtler muny görüp, olara käýediler. 14Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 15Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi. 16Ol çagalary gujaklap, başlaryna elini goýup, olara pata berdi.
Baýlyk we baky ýaşaýyş
(Matta 19:16-30; Luka 18:18-30)
17 Isa ýaňy ýola düşen mahaly bir adam ylgap geldi-de, öňünde dyza çöküp, Ondan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 18Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 19#Msr 20:12-16; Kan 5:16-20.Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi. 20Ýaňky adam Oňa: «Men ýaşlygymdan bäri bularyň baryny berjaý edip gelýärin» diýdi. 21Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 22Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, sebäbi onuň mal-mülki köpdi.
23 Isa töweregine seredip, şägirtlerine: «Baý adamlaryň Hudaýyň Şalygyna girmegi nähili kyn!» diýdi. 24Şägirtler Onuň sözlerine haýran galdylar. Isa ýene olara: «Ogullarym, Hudaýyň Şalygyna girmek#10:24 Hudaýyň Şalygyna girmek – käbir golýazmalarda baýlyga bil baglaýanlar üçin Hudaýyň Şalygyna girmek. nähili kyn! 25Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26Şägirtler çakdanaşa haýran galyp, biri-birlerine: «Onda kim halas bolup biler?» diýişdiler. 27Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi. 28Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýip söze başlady. 29Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam, 30bu döwürde çekjek azaplary bilen birlikde, yzyna ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, ene-atalar, çagalar, mülk ýerler almajak adam ýokdur. Geljek döwürde olar baky ýaşaýşa gowşarlar. 31Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Luka 18:31-34)
32 Isa şägirtleri bilen Iýerusalime tarap ýola düşdi, Ol olaryň öňlerinden ýöräp barýardy. Şägirtler Isa haýran galýardylar. Isanyň yzyna düşüp barýan halky hem gorky gaplap alypdy. Isa ýene-de on iki şägirdini bir çete çekip, Öz başyna geljek wakalar barada gürrüň bermäge başlady: 33«Ine, Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň eline tabşyrylar. Ony ölüme höküm edip, keseki milletlere tabşyrarlar. 34Ony masgaralap, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar, soňra öldürerler, emma üç günden soň#10:34 Üç günden soň – käbir golýazmalarda üçülenji gün. Ol direler».
Ýakup bilen Ýohannanyň dilegi
(Matta 20:20-28)
35Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna Isanyň ýanyna baryp, Oňa: «Mugallym! Biziň Senden bir dilejek zadymyz bar, şony ýerine ýetirmegiňi isleýäris» diýdiler. 36Isa olardan: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. 37Olar hem: «Sen Öz şöhratly tagtyňda birimiziň sagyňda, birimiziň çepiňde oturmagymyza rugsat et» diýdiler. 38Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi. 39Olar-da: «Hawa, bileris!» diýdiler. Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň hasratyma çümdürilersiňiz. 40Ýöne size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu kimler üçin taýýarlanan bolsa, şolar üçindir» diýdi. 41Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýohanna gaharlanmaga başladylar. 42Isa olary ýanyna çagyryp: «Özüňiz bilýärsiňiz, keseki milletleriň arasynda baştutan saýylýanlar olara hökümdarlyk edýärler, ýokary wezipelileri-de agalyk edýärler. 43Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim üstün bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. 44Kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň guly bolsun. 45Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Isa kör Bartimeýiň gözlerini açýar
(Matta 20:29-34; Luka 18:35-43)
46Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy. 47Nasyraly Isanyň ol ýerdedigini eşidip: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrmaga durdy. 48Köp adamlar oňa sesiň çykmasyn diýip käýediler, emma ol öňküden hem gaty ses bilen: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 49Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler. 50Kör donuny bir ýana taşlap turdy-da, Isanyň ýanyna geldi. 51Isa ondan: «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Kör adam: «Halypa, gözlerim açylsyn!» diýdi. 52Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.

Currently Selected:

Mark 10: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in