YouVersion Logo
Search Icon

Matta 9

9
9-njy bap
Isa ysmazy sagaldýar
(Mark 2:1-12; Luka 5:17-26)
1Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi. 2Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 3Şonda käbir Töwrat mugallymlary içinden: «Bu adam Hudaýa dil ýetirýär» diýdiler. 4Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz? 5Haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur-da, ýöre“ diýmek? 6Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 7Ol hem ýerinden turdy-da, öýüne gitdi. 8Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy#9:8 Gorky gaplap aldy – käbir golýazmalarda haýran galdy.. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Matta şägirtlere goşulýar
(Mark 2:13-17; Luka 5:27-32)
9 Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi. 10Isa Mattanyň öýünde saçak başynda otyrka, köp salgytçylar, günäkärler gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler. 11Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. 12Isa muny eşidip: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. 13#Hoş 6:6.Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.
Agyz beklemek barada sorag
(Mark 2:18-22; Luka 5:33-39)
14Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar. 15Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler. 16Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, sebäbi salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar. 17Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Mark 5:21-43; Luka 8:40-56)
18 Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi. 19Isa turup, şägirtleri bilen bile ol adamyň yzyna düşüp gitdi.
20Şol wagt on iki ýyldan bäri gan akma keselinden ejir çekýän bir aýal Isanyň arka tarapyndan gelip, Onuň donunyň syýyna elini degirdi. 21Ol içinden: «Diňe geýimine elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi.
22 Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.
23 Isa ýolbaşçynyň öýüne gelende, ýas tüýdükçilerini, ala-galmagal edişip duran mähelläni gördi. 24Olara: «Aýrylyň, gyz ölenok, diňe uklap ýatyr» diýdi. Olar Isanyň üstünden güldüler. 25Mähelle daşary çykarylandan soň, Isa içeri girip, gyzyň elinden tutdy, gyz hem aýaga galdy. 26Bu habar ol etrabyň ähli ýerine ýaýrady.
Iki kör bilen bir lal sagaldylýar
27 Isa ol ýerden gelýärkä, iki sany kör adam Onuň yzyna düşüp: «Eý, Dawut Ogly! Bize rehim et!» diýip gygyrdylar. 28Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler. 29Şonda Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun!» diýdi welin, 30şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy. 31Emma olar çykan batlaryna, Isanyň at-owazasyny tutuş etraba ýaýratdylar.
32Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler. 33Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi. 34Emma fariseýler: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýişdiler.
Hasyl bol, işgär az
35 Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi. 36Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler. 37Şonda Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az. 38Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.

Currently Selected:

Matta 9: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in