YouVersion Logo
Search Icon

Matta 10

10
10-njy bap
Isa on iki şägirdini saýlaýar
(Mark 3:13-19; Luka 6:12-16)
1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi. 2-4Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý#10:2-4 Käbir golýazmalarda Taddeý lakamly Lewi. , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
Isa Onkileri halkyň arasyna ýollaýar
5 Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň. 6Muňa derek azaşan goýunlara meňzeýän ysraýyl halkynyň arasyna baryň. 7Baran ýeriňizde Gögüň Şalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň. 8Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň. 9Guşagyňyzda altyn, kümüş, mis, hiç bir pul bolmasyn. 10Ýol üçin ýanyňyza torba-da, artykmaç eşik-de, çaryk-da, hasa-da almaň, çünki işçi öz nesibesine mynasypdyr. 11Haýsy şähere ýa-da oba barsaňyz, ol ýerde özüňize mynasyp adamy gözläp tapyp, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň. 12Öýe gireniňizde, öýdäkilere sag-salamatlyk diläp, salam beriň. 13Öýdäkiler muňa mynasyp bolsalar, dilän salamatlygyňyz olaryň üstüne iner, emma mynasyp bolmasalar, bu özüňize öwrülip geler. 14Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa-da şäherden çykyp barýarkaňyz, aýaklaryňyzyň tozuny kakyň. 15Size dogrusyny aýdýaryn: kyýamat güni ol şäheriň ýagdaýy Sodom bilen Gomora şäherleriniň ýagdaýyndan has beter bolar.
Geljek muşakgatlar
(Mark 13:9-13; Luka 21:12-17)
16Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň. 17Adamlardan ägä boluň! Olar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarynda gamçylap ýenjerler. 18Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz. 19Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, siz näme ýa-da nädip aýtjakdygyňyzy gaýgy etmäň. Size näme aýtmalydygyňyz şol wagtyň özünde berler. 20Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.
21Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 22Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 23Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.
24Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir. 25Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul#10:25 Beýelzebul – şeýtanyň başga ady. Sözlüge seret. diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?!
Kimden gorkmaly?
(Luka 12:2-7)
26Şonuň üçin hiç kimden gorkmaň. Ýapyk bolup, üsti açylmajak, gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 27Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň. 28Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. 29Iki serçe bir teňňä satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. 30Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. 31Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz.
32Kim Meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin. 33Kim Meni adamlaryň öňünde ret etse, Men hem ony gökdäki Atamyň öňünde ret ederin.
Parahatlyk däl-de, gylyç getirdim
(Luka 12:8,9,51-53; 14:26,27)
34Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim. 35#Mik 7:6.Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim. 36Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar. 37Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. 38Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. 39Janyny aýan ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar. 40Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ibereni kabul eder. 41Kim birini pygamberdigi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar. 42Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».

Currently Selected:

Matta 10: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in