YouVersion Logo
Search Icon

Luka 21

21
21‑nji bap
Dul aýalyň sadakasy
(Mark 12:41-44)
1 Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryň ybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atyp duranyny gördi. 2Ol bir garyp dul aýalyň hem guta iki şaý atanyny gördi. 3Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy. 4Bu adamlaryň hemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, bu aýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.
Ynsan Oglunyň dolanyp gelmeginiň alamatlary
(Matta 24:1-21,29-35; Mark 13:1-19,24-31)
5Şägirtlerden käbiri ybadathananyň ajaýyp daşlar we Hudaýa bagyş edilen peşgeşler bilen bezelendigi barada söz açdy. Şonda Isa: 6«Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi. 7Olar Isadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar. 8Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň. 9Uruşlar hem gozgalaňlar barada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, emma entek soňy däldir» diýip jogap berdi. 10Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. 11Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar. 12Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler. 13Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar. 14Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň. 15Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. 16Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. 17Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener. 18Emma saçyňyzyň bir tary hem kemelmez. 19Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz. 20Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň. 21Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin. 22Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir. 23Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterler iner, bu halk gazaba duçar bolar. 24Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler. 25Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagopluga düşerler. 26Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler. 27Şonda olar Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 28Bu zatlar amala aşyp başlanda, başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň. 30Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz. 31Şonuň ýaly hem, bu wakalaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygyny biliň. 32Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 33Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez. 34Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner. 35Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner. 36Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».
37 Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halka öwrederdi, agşamlaryna bolsa şäherden daşary çykyp, gijäni Zeýtun dagynda geçirerdi. 38Ir säher bilen ähli halk Onuň gürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.

Currently Selected:

Luka 21: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in