Ýohanna 11
11
11‑nji bap
Lazaryň ölümi
1Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar. 2Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy. 3Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. 4Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir». 5Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. 6Emma Lazaryň kesel ýatandygyny bilse-de, Isa öňki bolýan ýerinde ýene iki gün galdy. 7Mundan soň Isa şägirtlerine: «Ýahudyýa dolanalyň» diýdi. 8Şägirtleri Oňa: «Eý, mugallym, ýahudylaryň baştutanlarynyň Seni daşlajak bolanlary ýaňy dälmidi?! Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler. 9Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir. 10Emma gije ýöreýän adam büdrär, sebäbi onda nur ýokdur» diýip jogap berdi. 11Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi. 12Şägirtleri Oňa: «Agam, uklap ýatan bolsa sagalar» diýdiler. 13Isa onuň ölendigi hakda aýdýardy, ýöne olar adaty uky hakda aýdýandyr öýtdüler. 14Şeýlelikde, Isa olara anygyny aýtdy: «Lazar aradan çykdy. 15Iman etmegiňiz üçin, Men siziň hatyraňyza ol ýerde bolmandygyma begenýärin. Indi bolsa, ýörüň, onuň ýanyna gideliň». 16Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.
17 Isa Beýtaniýa gelende, Lazaryň jaýlananyna eýýäm dört gün bolan eken. 18Beýtaniýa Iýerusalimden bary-ýogy üç çakrym#11:18 Üç çakrym – grekçe on bäş stadios, bu takm. 3 kilometre deňdir. daşlykda ýerleşýärdi. 19Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler. 20Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga çykdy. Merýem bolsa öýde galdy. 21Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi. 22Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Seniň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. 23Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. 24Marta bolsa: «Men ahyrky gün, ýagny ölüleriň direliş gününde onuň direljegini bilýärin» diýdi. 25Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. 26Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi. 27Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi. 28Marta şeýle diýensoň, uýasy Merýemi çagyrmaga gitdi. Ony bir çete çekip: «Mugallym şu ýerde. Ol seni çagyrýar» diýdi. 29Merýem muny eşiden badyna ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. 30Isa entek oba girmändi, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. 31Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýahudylar onuň howlukmaç çykyp gidenini gördüler. Ol aglamak üçin mazara tarap barýandyr öýdüp, olar onuň yzyndan gitdiler. 32Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi. 33Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy. 34Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Eý, Agam, gel, gör» diýdiler. 35Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy. 36Şonda ýahudylar: «Serediň, Ol ony nähili gowy görýän eken!» diýişdiler. 37Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan Adam Lazary-da ölümden alyp galyp bilmezmidi?» diýişdiler.
Isa Lazary direldýär
38Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. 39Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Agam, ol eýýäm porsandyr, ony jaýlanymyza dört gün boldy ahyry» diýdi. 40Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi. 41Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. 42Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi. 43Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. 44Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.
Isany öldürmek baradaky dildüwşük
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
45Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýahudylaryň köpüsi Isanyň eden işini görüp, Oňa iman etdiler. 46Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň eden işlerini fariseýlere gürrüň berdiler. 47Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär. 48Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler. 49Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. 50Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi. 51Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. 52Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi. 53Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler. 54Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy. 55Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler. 56Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada durkalar, biri-birlerine: «Nähili pikir edýärsiňiz? Ol baýrama gelermi ýa-da gelmez?» diýişýärdiler. 57Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.
Currently Selected:
Ýohanna 11: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016