1
Ýohanna 11:25-26
Mukaddes Kitap
Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi.
Compare
Explore Ýohanna 11:25-26
2
Ýohanna 11:40
Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.
Explore Ýohanna 11:40
3
Ýohanna 11:35
Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.
Explore Ýohanna 11:35
4
Ýohanna 11:4
Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir».
Explore Ýohanna 11:4
5
Ýohanna 11:43-44
Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.
Explore Ýohanna 11:43-44
6
Ýohanna 11:38
Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar.
Explore Ýohanna 11:38
7
Ýohanna 11:11
Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi.
Explore Ýohanna 11:11
Home
Bible
Plans
Videos