Gelip çykyş 39
39
39-njy bap
Ýusup Potypara hyzmat edýär
1 Ysmaýyllar Ýusuby Müsüre getirip, faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar. 2Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy. 3Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi. 4Şeýdip, Ýusup jenabynyň göwnüni tapyp, oňa hyzmat etdi. Ol Ýusuby bütin hojalygynyň üstünden baştutan edip belläp, öz eýeçiligindäki ähli zatlary onuň ygtyýaryna berdi. 5Şondan soň Reb Ýusubyň hatyrasy üçin bu müsürliniň bütin hojalygyna we onuň öýündäki hem meýdandaky ähli mal-mülküne bereket berdi. 6Potypar ähli mal-mülküni Ýusubyň ygtyýarlygyna berdi. Ol indi öz damagyndan başga zada baş galdyrmaýardy.
Ýusup we Potyparyň aýaly
Ýusup boý-syratly, juda görmegeý ýigitdi. 7Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi. 8Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi. 9Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» 10Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady.
11Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkärleriň hiç biri ýokdy. 12Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy. 13-14Ýusubyň eşigini elinde galdyryp gaçandygyny gören aýal hyzmatkärlerini çagyryp, olara: «Görseňizläň, meniň ärim bu ýewreýi bizi biabraý etmek üçin getiripdir. Ol meniň bilen ýatjak bolup, otagyma geldi, men sesimiň ýetdiginden gygyrdym. 15Şonda ol eşigini ýanymda taşlap, daşary gaçyp gitdi» diýdi. 16Soňra ol Ýusubyň jenaby gelýänçä, onuň eşigini öz ýanynda saklady. 17-18Ol Ýusubyň jenabyna-da öz hyzmatkärlerine aýdan sözlerini gaýtalady: «Seniň getiren ýewreý guluň meni biabraý etmek üçin otagyma geldi. Gykylyk turzanymy görüp, ol eşigini ýanymda taşlap gaçyp gitdi».
19Aýalynyň: «Guluň meni, ine, şeýtdi» diýen sözlerini eşidensoň, jenabyň gany depesine urdy. 20Ol Ýusuby tutup, patyşanyň tussaglarynyň saklanýan zyndanyna saldy. Şeýdip, Ýusup zyndanda oturdy. 21Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy. 22Zyndanyň başlygy ol ýerdäki tussaglaryň ählisini Ýusubyň eline berdi. Ýusup zyndanyň ähli işi üçin jogapkärçilik çekdi. 23Zyndanyň başlygy Ýusubyň garamagyndaky zatlaryň hiç biri bilen gyzyklanmaýardy, çünki Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi.
Currently Selected:
Gelip çykyş 39: TukLat16
Highlight
Share
Copy
Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016