YouVersion Logo
Search Icon

Gelip çykyş 38

38
38‑nji bap
Tamar bilen Ýahuda
1Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy. 2Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy. 3Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy. 4Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy. 5Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
6Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi. 7Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. 8Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. 9Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. 10Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. 11Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.
12Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly – Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi. 13Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler. 14Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi. 15Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol loludyr öýtdi. 16Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady. 17Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň?» diýdi. 18Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy. 19Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi. 20Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady. 21«Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler. 22Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi. 23Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.
24Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi. 25Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi. 26Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady. 27Aýy-güni dolup, dogurmaly pursady gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy. 28Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göbegene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy. 29Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göbegene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres#38:29 Peres – bu söz zor bilen çykmak diýmegi aňladýar. dakyldy. 30Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy.

Currently Selected:

Gelip çykyş 38: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in