YouVersion Logo
Search Icon

Resul Giriş

Giriş
Lukanyň hoş habary Isa Mesihiň haça çüýlenmegi we ölümden direlmegi bilen tamamlanýar. Kitap tamamlansa-da, ondaky wakalar tamamlanmaýar. Hudaýyň Isa Mesihi ölümden direldip, Mukaddes Ruhuny ibereninden soň, başga wakalar başlanýar. Hut şu wakalary beýan etmek üçin hem Luka «Resullaryň işleri» atly kitaby ýazýar.
Kitabyň ýazylan döwründe Isanyň şägirtleriniň hemmesi diýen ýaly ýahudylardy. Emma Hoş Habaryň başga milletlere wagyz edilmeginiň netijesinde olar hem halas bolup, Hudaýyň wada eden Mukaddes Ruhuny alýarlar. Pawlus, Petrus we beýleki resullar Hoş Habary wagyz edip, Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ençeme syrkawlara şypa berýärler, arwah-jyn uranlary erbet ruhlardan azat edýärler, tutuş Rim imperiýasynda mesihi ýygnaklarynyň düýbüni tutýarlar. Bu wakalaryň aglaba bölegi häzirki Türkiýe, Gresiýa we Italiýa döwletleriniň araçäklerinde bolup geçýärdi. Siz bu araçäkleri Mukaddes Kitabyň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen kartada görüp bilersiňiz.
Luka mesihi ýygnaklaryň ir döwürdäki taryhyny beýan etmek bilen, Mukaddes Ýazgylardaky wadalaryň berjaý bolandygyny aýratyn nygtaýar. Ol Mukaddes Ruhuň güýjüniň we doga-dilegleriň, garyp-pukaralara ýardam bermegiň näderejede wajypdygyny okyjylaryna düşünmäge kömek edýär.
Mazmuny
Resullara Mukaddes Ruh inýär1:1–2:47
Iýerusalimdäki ýygnak3:1–8:3
Hoş Habar Ýahudyýa bilen Samariýada wagyz edilýär8:4–9:31
Hoş Habar keseki halklara wagyz edilýär9:32–15:35
Hoş Habar Kiçi Aziýa, Gresiýa we Rime baryp ýetýär15:36–28:31

Currently Selected:

Resul Giriş: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in